Köneürgenç etrabyndaky ýyladyşhana toplumynda pomidoryň bol hasyly ýetişdirilýär

Köneürgenç etrabyndaky ýyladyşhana toplumynda pomidoryň bol hasyly ýetişdirilýär

Türkmenistanyň Azyk senagaty döwlet birleşiginiň Daşoguz welaýatynyň Köneürgenç etrabyndaky ýyladyşhana toplumynda pomidoryň bol hasyly ýetişdirildi. Bu barada Türkmenistan gazetinde habar berildi.

Habarda bellenilişi ýaly, innowasion tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy, önümçilikde häzirki zamanyň ösen talaplaryna laýyk gelýän täzeçe usullaryň ulanylmagy ýyladyşhanada her ýylda ekologik taýdan arassa pomidoryň 2 müň tonnasyny öndürmäge mümkinçilik berýär. Häzirki wagtda bu ýerde azyklyk gök önümiň welaýatyň toprak-howa şertlerine uýgunlaşan Bonditto görnüşi ekilýär.

Ýyladyşhana toplumy Köneürgenç şäheriniň etegindäki senagat zolagynda ýerleşýär. Onuň 10 gektara barabar umumy meýdanynyň 9,6 gektaryny ýyladyşhanalar, galan bölegini şitilhana hem-de taýýar önümleri gaplaýjy bölümiň desgalary eýeleýär. Her biriniň göwrümi 250 kub metre barabar bolan suw gaplarynyň 6-sy, ýapyk howdan, ýyladyş gazanlarynyň hem 5-si ekerançylyk işlerini ýylyň bütin dowamynda üznüksiz alyp barmaga mümkinçilik berýär.

Pomidor düýpleri topraga derek kokorit maddasy salnan gaplarda ösdürilýär. Kokos agajynyň owradylan gabygyndan alynýan bu maddada hem, edil toprakdaky ýaly, baldaklar göwnejaý kök urýar. Ýörite turbajyklar arkaly berilýän mineral dökünler, mikroelementler, suw bolsa baldagyň berkemegine, hasyl toplamagyna ýardam edýär. Dünýä tejribesinde giňden peýdalanylýan bu maddany şol bir ekin ekilende, üç ýylyň dowamynda ulanyp bolýar.

Ýyladyşhanalaryň girelgesiniň golaýynda arylar üçin ýörite plastik gaplar ýerleşdirilipdir. Şitiller oturdylyp, gunçalap başlan badyna arylar topar tutup, ekinleri tozanlandyrýarlar.Bu bolsa pomidoryň bol hasylyny ýetişdirmek üçin derwaýys şertleriň biri hasaplanýar. Ýurtda önümleriň dürli görnüşleriniň bolçulygynyň üpjün edilmegine goşant goşýan toplumda ýaşlaryň 100-den gowragy zähmet çekýär.

Olaryň döredijilikli işlemekleri, dynç almaklary üçin bu ýerde amatly şertler döredildi diýlip, habarda bellenilýär.

Ýene degişli makalalar

Daşoguzdaky ýyladyşhana toplumynda 2 müň tonna pomidor hasyly alnar
“Serie A”-da öňdebaryjy toparlaryň iň kiçi hasaply ýeňişleri
Kömelek keseliniň tebigy bejergi usullary
Saglyk baýlyk
Yssy howany halaýan täsin agaç
Döwletjan Ýagşymyradow Top Team sport zalynda türgenleşmek üçin ABŞ-a bardy