Könelen geçirijiler zerarly Aşgabadyň ýaşaýyş jaýlarynda elektrik kesilýär

Aşgaýadyň ýaşaýyş jaýlarynyň köpüsinde, geçirijileriň we enjamlaryň köneligi zerarly, elektrik togy kesilýär.

5-nji fewralda Şewçenko köçesiniň ugrundaky köp kwartiraly jaýlaryň ikisinde tas bir gije-gündizläp tok bolmady.

8-nj fewralda Parahat-2 mikroraýonynda ir sagat 8-den başlap, bir topar jaýda tok bolmady. Ol ýerde ýer astyndaky elektrik geçirijisi ýaryldy. Bir sagat çemesi soňra bu taýdan uzak bolmadyk ýerde ýene bir geçiriji ýarylyp, onuň ornunda uly bolmadyk çukur döredi.

Ýerli ýaşaýjylar şäheriň elektrik üpjünçiligi gullugynyň diňe “deşikleri ýamamak” bilen meşgullanýandygyny aýdyp zeýrenýärler. Islendik ýagyşdan ýa-da ýelden soň şäheriň ol ýa-da beýleki ýerinde tok kesilýär. Energiýa üpjünçilik işgärleriniň özleriniň boýun almaklaryna görä, bu ýagdaýlar elektrik geçirijileriniň aşa könelmeginden ýa-da nädogry çekilmeginden uç alýar.

1 of 4

Ýene degişli makalalar

Magtymguly Pyragynyň dürli dillerdäki eserleri Kiýew şäherindäki kitaphana gowşuryldy
Ýuwentus çempion diýen ýaly
Alty topar Ýewropa çempionatyna ýollanma aldy
EURO 2020 -niň SAÝLAMA TAPGYRY
Aşgabadyň häkimiýetleri Ýeňiş güni öýsüz itlere garşy göreşdi
EUR0 2020-ä badalga berildi