Köne zibil poligony Mary Türkmenabat awtobanynyň gurluşygyny bökdeýär

Köne zibil poligony Mary  Türkmenabat awtobanynyň gurluşygyny bökdeýär

“Türkmen Awtoban” ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti 2019-njy ýylyň ýanwarynda Aşgabat Türkmenabat awtobanynyň gurluşygyna başlady. Şu günler täze magistralyň Mary Türkmenabat böleginde gurluşyk işlerine girişilýär. Azatlyk Radiosynyň habarçylary we çeşmeleri köne zibil poligonynyň täze ýoluň gurluşygyna bökdençlik döredýändigini habar berýärler.

Azatlyga mälim bolşuna görä, täze magistralyň Mary Türkmenabat böleginiň taslamasy köne zibil poligonynyň üstünden çekilipdir.

“Täze awtobanyň gurluşygy 1960-njy ýyllardan başlap 2005-nji ýyla çenli zir-zibil dökülen poligonyň üstünden dogry geldi. Bu poligon 2005-nji ýylda ýapylyp, onuň üstüni toprak bilen gömdüler. Ol uly bir depe bolup durdy. Depäniň beýikligi 40 metre dagy ýetýär. Poligon uly meýdany tutýar” diýip, çeşmä Azatlyk Radiosynyň habarçysyna gürrüň berdi.

Mary Türkmenabat awtomagistraly şol köne poligonyň üstünden geçmeli edilipdir. Azatlygyň çeşmesi awtobanyň gurluşygyny ýerine ýetirýän firmanyň ýol ugrundaky zir-zibilleriň aýrylmagy üçin Lebap häkimligine ýüz tutmagynyň mümkindigini aýdýar.

Türkmen metbugatyna görä, “Türkmen Awtoban” ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň düzümine “Nusaý ýollary”, “Altyn nesil”, “Hyzmat merkezi”, “Edermen” ýaly hususy kärhanalar girýär.

Azatlygyň çeşmesi Mary Türkmenabat magistralynyň gurluşygyna gatnaşýan “Nusaý ýollary” kompaniýasynyň köne zibil poligonynyň göçürilmegi bilen bagly Lebap häkimligine ýüz tutmagyna garaşylýandygyny habar berýär.

Türkmen metbugaty iri ýoluň gurluşygynyň öňüsyrasynda onuň ugrunda geologik we topografik barlaglaryň geçirilendigini habar berdi. Galyberse-de, ýoluň tehniki aýratynlyklary we onuň ugrunda ýerleşýän inženerçilik desgalarynyň ýerleşýän ýerleriniň umumy çyzgysy ýerli hünärmenler tarapyndan işlenilip düzülipdir.

Deslapky meýilnamada täze ýoluň ugrunda ýerleşýän köne zibil poligony bilen bagly göz öňünde tutulan çäreler köpçülige mälim edilmeýär. Ýöne Azatlygyň çeşmesi ýoluň geçmeli ugrunda ýerleşýän köne zibil poligonynyň gurluşykçylar üçin alada döredýändigini aýdýar.

Azatlygyň habarçysy şu günler Mary Türkmenabat magistralynyň ýol çyzgysy boýunça ýol inženerleri tarapyndan işleriň alnyp barylýandygyny habar berýär.

Maglumata görä, häzirki wagtda ýoluň ugry boýunça zerur infrastrukturalar gurulýar.

“Awtoban geçjek ýoluň aşagyna demirbeton turbalar gömülip başlandy.Ol demirbeton turbalar arkaly geljekde aragatnaşyk çekiler. Ýola daş düşemezden ozal oturdylýan bu demirbeton turbalar arkaly geljekde suw we lagym suwlary hem çekiler. Ýol gurulmazdan ozal, uly diametrli plastik turbalar hem çekilýär.

Onuň üsti bilen ýokary woltly elektrik toguny geçirmek meýilleşdirilýär” diýip, bir ýerli hünärmen täze ýoluň ugrunda alnyp barylýan gurluşyk işleri barada maglumat berdi.

Media maglumatlaryna görä, ýokary tizlikli ýoluň gurluşygyny 2019-njy ýylda başlap, 2023-nji ýylda tamamlamak göz öňünde tutuldy.

Ýoluň gurluşygy Aşgabat Tejen, Tejen Mary we Mary Türkmenabat bölekleri hökmünde üç tapgyrda planlaşdyryldy.

Döwlet metbugaty täze magistralyň Aşgabat Tejen böleginiň geçen oktýabrda ulanylmaga berlendigini habar berdi.

Ýöne deslapky meýilnamada ýoluň Aşgabat Tejen bölegini 2020-nji ýylyň dekabrynda tamamlamak göz öňünde tutulupdy. Munuň bilen ýoluň birinji tapgyry meýilnamadan 10 aý giç tamamlandy.

Plana görä, ýoluň Tejen Mary bölegi 2022-nji ýylyň dekabrynda, Mary Türkmenabat bölegi 2023-nji ýylyň dekabrynda tamamlanmaly.

Azatlygyň habarçysy Mary Türkmenabat ýolunyň infrastruktura işlerine Lebap welaýatynyň demirbeton kärhanalarynyň gatnaşýandygyny habar berýär.

Täze awtoban Türkmenabatdan aňry Çärjew etrabynyň uly awtomobil ýoly bilen sepleşdirilýär. Çärjewden aňry Özbegistan bilen serhetde ýerleşýän Farap gümrükhanasyna barýan ýola birikdirilýär. Munuň bilen, täze ýol Türkmenistanyň gündogar serhedini Aşgabat bilen birikdirer.

Azatlygyň çeşmesi Mary Türkmenabat ýolunyň ugrunda ýerleşýän köne zibil poligonynyň 15 ýyl mundan ozal täze poligona göçürilendigini habar berýär. Ýöne täze zibil poligony hem könesinden bary-ýogy 5 kilometr töweregi aradaşlykda ýerleşýär.

Resmi habarlara görä, “Türkmen Awtoban” ilkinji türkmen hususy konsorsiumy bolup, prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň gönümel goldawy esasynda döredilipdir.

“Turkmen.news” neşiriniň maglumatyna görä, bu kompaniýanyň eýesi prezidentiň aýal dogany Durdynabat Rejebowanyň adamsy Annanazar Rejebow bolup, ol ýurt içinde we daşynda hasaba alnan ençeme firmany özüne birikdirýän biznes imperiýasyna ýolbaşçylyk edýär.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Ýene degişli makalalar

Aşgabat Türkmenabat awtobanynyň gurluşygy uzaga çekýär
Lebapda awtobanyň gurluşygynda işgärler goşmaça tölegsiz 12 sagat işledilýär’
Türkmenabatda awtobanyň gurluşygyna çagyl daşaýan wagonlar agdy
Kanunlar we resmileriň daşary ýurt kompaniýalary bilen oňuşmazlyklarynyň açylmaýan syry
Gurluşyklar dowam edýär, gurmak bäsleşiginde ýene prezidentiň ýakynlary 'utdy'
Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Aşgabat — Tejen aralygynda işleri tamamlaýjy tapgyrda alnyp barylýar