Angliýanyň Patyşalyk zikgehanasy (Royal Mint) ulanyşdan galan elektron enjamlary gaýtadan işläp, altyn alynjakdygyny mälim etdi. Köne elektron enjamlardaky gymmatly metallary almak üçin täze zawodyň gurlandygy aýdyldy. Önümçilik desgasyndaky tehnologiýa platanyň düzümindäki sap arassa altyny 4 minutda çykarmaga mümkinçilik berýär. Munuň üçin bolsa örän az energiýa sarp edilýär.
Royal Mint müň ýyldan gowrak wagt bäri ýurtda şaýylyk pullary çykarýar.Uelsde açyljak zawodda platalardaky gymmatly metallar çykarylar. 2022-nji ýylyň mart aýynda gurluşygyna başlanan önümçilik desgasy telefon, ýankompýuter we telewizor ýaly elektron enjamlardan her ýylda 4 müň tonna çenli altyn çykarmaga mümkinçilik berýär.
Altyn çykarmak üçin ilki platanyň düzüminde altyn bolan bölegi gyzgynlyk arkaly aýrylar.Soňra altynly bölek başga bir bölüme iberilip, şol ýerde altynlary alnar.Kir ýuwujy maşynlardaky altynlary almak üçin bolsa ergin ulanylar.
Ilki altyn ergine garyşdyrylar. Şondan soňra düzüminde altyn bolan ergin süzgüçden geçirilip, tozga görnüşinde alnar.Täze tehnologiýa ýokary hilli, 99,99 göterim arassa altyny almaga mümkinçilik berer.
Birleşen Milletler Guramasynyň maglumatlaryna görä, dünýäde her ýylda 2,6 million tonna elektron zyňyndy emele gelýär. 2022-nji ýylda elektron zyňyndylaryň mukdary 62 million tonna ýetipdir. Bu bolsa, 2010-njy ýyldan bäri elektron enjamlaryň zyňyndylarynyň mukdarynyň 82 göterim köpelendigini görkezýär. Ýagny her geçen ýyl ozalky ýyllardakydan has köp elektron zyňyndy emele gelýär.
Arslanbek ISKANDAROW,
Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň Aşgabat şäheri boýunça müdirliginiň harby gullukçysy, leýtenant.