2023-nji ýylda atmosfera taşlanan kömürturşy gazynyň möçberleri rekord derejä ýetdi, ýagny 40 milliard tonna deň boldy diýip, Energy Institute edarasyna salgylanýan Daryo.uz ýazýar.
Gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleriniň ulanylyşynyň artýandygyna garamazdan, uglewodorod gorlaryna isleg artýar. Şunlukda, geçen ýylda uglewodorodlaryň sarp edilişi 1,5 göterim artyp, 505 eksadžoula deň boldy, bu bolsa, CO2-niň galyndylarynyň artmagyna getirdi.
Kömrüň sarp edilişi 1,6 göterim artdy, nebitiň sarp edilişi günde 100 mln barrele deň boldy.
Öň Googleniň ýeriň töweregindäki giňişlikde zyýanly galyndylary yzarlamak üçin emeli hemrany işläp düzýändigi habar berildi.