Kömürturşy gazyndan uçar ýangyjy öndüriler

Oksford uniwersitetiniň hünärmenleri laboratoriýa şertlerinde uçar hereketlendirijileri üçin kömürturşy gazyndan ýangyç öndürmegi başardylar.Bu usulyň wodorod ýangyjyny öndürmekden aňsat we arzan boljakdygy mälim edildi. Önümçilige ornaşdyrylan ýagdaýynda, sözüň doly manysynda daşky gurşawa hiç hili zeper ýetirmeýän uçarlar peýda bolar.

Häzirki wagtda awtoulaglaryň nebitden alynýan ýangyjyň deregine elektrik energiýasy bilen işleýän görnüşleri peýda bolup başlady.Hatda, elektrik energiýasy bilen işleýän kiçiräk ýolagçy uçarlary hem bar.Laboratoriýa şertlerinde ýokary netije beren hem bolsa, bu usulyň durmuşa geçirilmegi üçin wagt gerekdigi bellenilýär.

Sebäbi, äpet ýolagçy uçarynyň ýüzlerçe kilometr uzaga gitmegi üçin köp mukdarda ýangyç gerek.

The post Kömürturşy gazyndan uçar ýangyjy öndüriler appeared first on Zaman Türkmenistan.

Ýene degişli makalalar

Türkmenabatda ýene-de ýangyç gytçylygy emele geldi, bu gezek A95 benzini ýetmezçilik edýär
Türkmen biologlary telekeçilere probirkalarda pawlowniýany köpeltmäge ýardam berýärler
Burna çalynýan waksina ýene üç aýdan elýeterli bolar
Kowid-19 Wirusy Laboratoriýadan Ýaýradymy?
Samsung 5G tizlik rekordyny goýdy
Laboratoriýa göwher daşy ýasaldy