Türkmenler adatça "çekişmän bekişmez" diýýärler, "bir kelleden iki kelläniň hemişe gowy bolýandygyny" boýun alýarlar.Edebiýat, sungat eserlerine, hususan-da söz senedine gezek gelende bolsa, synçylaryň köpüsiniň pikirine görä, her bir adamyň öz pikirini, belligini aýtmak hukugyna, şol bir wagtda-da başga bir adamyň zähmetini, şahsyýetini sylamak borjuna sarpa goýýarlar.
Emma sowet döwri we ondan soňky awtoritar dolandyryş adamlaryň öz pikirini aýtmak isleglerini jylawlady diýip, aşgabatly edebiýatçy aýtdy.Onuň sözlerine görä, şahyr Gurbannazar Ezizow bu ýagdaýdan baryp 1970-nji ýyllarda, mundan 60 ýyl çemesi öň alada edipdir.
1975-nji ýylda, 35 ýaşynda wepat bolan şahyryň "Suwsuz degirmendir jedelsiz şahyr” diýen setirlerini 1980-nji ýyllarda bilmeýän az-azdy. Onuň şahyr we professor dosty Halyl Kulyýewe ýüzlenip ýazan “Jedeller” goşgusynda şahyrlaryň arasynda goşgy üstünde edilýän jedelleriň doly ýatyp galmagyndan uly alada bildirilýärdi.
Hany geçen günleň gyzgyn jedeli,
Geçen günleň gyzgyn hyjuwy hany?
Neçün beýle boldy aýan edeli,
Eýýämden öçäýmek ir dälmi, Halyl?
1980-nji ýyllarda edebiýata gelen ýaşlaryň arasynda G.Ezizowyň “...Biz gijeler goşgy ýazardyk ahyr,//Erte bir söz üste sögüşmek üçin”, “Bizi şahyr eden jedeller dälmi?//Halyl, bizi şahyr eden jedeller” diýen setirlerini bilmeýän ýokdy.
Şol bir wagtda, anonimlik şertinde gürleşen aşgabatly edebiýatçynyň aýtmagyna görä, Sowet Soýuzynda Iosif Staliniň ölüminden soň dörän eserleriň üstünde edilen jedelleriň ýa çekişmeleriň Mihail Gorbaçýowyň aç-açanlyk, üýtgedip gurmak döwrüniň öň ýanynda we soňundan döredilen eserler barada edilen jedellerden has kän we netijeli bolandygyny, olaryň edebi düşünjäni has giňeldendigini boýun almak gerek.
Ol bu sözüne delil edip, 70-nji ýyllarda ýazylan romanlaryň, powestleriň, hekaýalaryň, metbugatda peýda bolan synlar, makalalar, çekişmeler netijesinde, has köp okyjy çekendigini, uzak obalarda, meýdan düşelgelerinde, çopan goşlarynda hem bilnendigini aýdýar.
Şeýle-de, aşgabatly edebiýatçy Durdymuhammet Nuralyýewiň alty aý çemesi dowam eden çekişmä sebäp bolan meşhur makalasynyň (Şahyr bolçulygynda şygyr gytçylygy) edebiýaty wagyz etmekde, edebi düşünjäniň hem ýazyjy-şahyrlaryň arasynda, hem okyjylaryň arasynda giňemeginde, çuňlaşmagynda gowy iş edendigini öňe sürýär.
Şu hepde, 68 ýaşynyň içinde aradan çykan kyssaçy Kömek Kulyýew we onuň bilen edebiýata gelen özboluşly ýazyjylar bu jedelleriň we çekişmeleriň täsirinden daşarda galyp biljek däldi.Emma olaryň öz döreden eserleri şeýle açyk çekişmelere sebäp bolmady.
Edebi düşünjeleriniň giňdigine, okan eserleriniň özlerinden öňki nesilleriňkä garanda kän bolmasa, az däldigine garamazdan, olar bir-birleriniň eserleri hakynda hem ýeterlik derejede açyk gürrüň edip bilmediler.
Has anygy, Gurbannazar Ezizowyň sözleri bilen aýdylanda, soňky edebi nesiller “suwsuz degirmeni” ýada saldy.
Şeýle-de, aşgabatly edebiýatçynyň pikirine görä, ýurtda dörän awtoritar dolandyryş, Saparmyrat Nyýazowyň şahsyýet kultunyň döredilip başlanan ýyllarynda Ýazyjylar birleşigine, edebi neşirlere ýolbaşçy bolan adamlar, ozal Kommunistik partiýanyň “ekdisi” bolan nesil söz azatlygyna, edebi tankyda garşy durup, diňe birtaraply, ýüzleý we öwgüli makalalara ýol açdy.
Bu ýagdaýlar birleşip, edebi tankydyň ýatyp galmagyna sebäp boldy, bir däl, birnäçe edebi nesliň döreden eserleriniň töwerekleýin öwrenilmeginiň öňüni aldy.
Bu diňe ýazyjy-şahyrlaryň işine, döredijiligine däl, tutuş jemgyýete ýaramaz täsir etdi, çeper eserleri okaýan adam azaldy, okan zadyna düşünýän okyjy azaldy, warsaky gürrüňleriň we ýuwan aýdymlaryň muşdaklary köpeldi, harpyk çäçden ýokaryk çykdy diýip, adynyň aýdylmazlygy şertinde gürleşen 60 ýaşlaryndaky edebiýatçy aýtdy.
Azatlyk şu we beýleki meseleler barada Pragada ýaşaýan ýazyjy, “Sowet edebiýaty” žurnalynyň proza, kyssa bölümine ençeme ýyl ýolbaşçylyk Hudaýberdi Hally bilen söhbetdeş boldy.
Azatlyk Radiosy: Hudaýberdi aga, kyssaçy ýazyjy Kömek Kulynyň aradan çykmagy bilen baglylykda, onuň türkmen prozasyndaky orny barada gysgaça pikiriňizi paýlaşsaňyz. Sebäbi bu barada türkmen metbugaty, umuman, dymýar we siz “Sowet edebiýaty” žurnalynda işlän ýyllaryňyzda köp prozaçynyň eserini ilki okan adamlaryň biri bolduňyz we, eger isleseňiz, häzir pikiriňizi açyk aýdyp bilmek mümkinçiligiňiz bar. Kömek Kuly barada pikirleriňizi bilmek isleýäris.
Hudaýberdi Hally: Elbetde, höwes bilen aýdaryn.Sebäbi ol döwürlerde, meniň redaktorlyk ýyllarymda çeper söze, edebiýata sarpa goýulýardy.Eger bir oňat eser peýda bolsa, ol agyzdan-agza geçip okalýardy.
Meniň “Sowet edebiýaty” žurnalynda ilkinji redaktorlyk işim, öz mugallymym Halyl Kulynyň “Ertekiniň dowamy” diýen liriki powesti bolupdy.Muny başdan ýatlamagymyň sebäbi şu gürrüňdeşlige sebäp bolan Kömek Kulynyň döredijiligi Halyl Kulynyň prozadaky şekilidi. Şol döwürde şahyr, soňra dramaturg bolan Ahmet Gurbannazaryň hem bir liriki powestini geçiripdim.
Soň Atageldi Garanyň “Gözellik” powestini we beýlekileri geçirdim.
Ýöne açyk aýtmaly bolsa, şol döwürlerde redaksiýanyň çekerinde eser köpdi. Kaýum Taňrygulyýew, Nury Baýramow ýaly çagalar şahyrlary-da powest ýazardylar, ýöne gowy eser azdy.
Azatlyk Radiosy: Gowy eser hemişe-de az bolýar.
Hudaýberdi Hally: Hawa. Başgaça edebiýat, täze edebiýat şol Kömek Kulynyň nesli bilen deňeçerräk geldi.
Kömegiň ilkinji hekaýalaryny maňa belli edebiýatçy Ahmet Bekmyrat getirip beripdi. Şol döwürler Kömek Saýatda ýaşaýardy hem raýon gazetinde işleýärdi.Onuň gowy hekaýalary bar eken.Olardan “Akar suw we ýata suw”, “Dost gözleginde” hekaýalary şu güne çenli meniň ýadymda. Şol hekaýalary derrew žurnalyň nobatdaky sanyna geçirdim.
Bir bellemeli zat, Kömege redaksiýa gerek däldi, ýagny redaktoryň esasy hyzmaty gowyny goldamak hem ile ýetirmekdi.
Azatlyk Radiosy: Hudaýberdi aga, Kömek Kulynyň ölümi, elbetde, bu gynançly waka, bize edebi nesiller we olaryň edebiýatdaky orny baradaky meseläni hem ýatlatdy.Bilşimiz ýaly, 1960-njy ýyllaryň syýasy maýylganlygy netijesinde dörän edebi nesil, Gurbannazar Ezizow, Halyl Kulyýew, Italmaz Nuryýew, Annaberdi Agabaýew dagynyň döreden eserleri, elbetde, wagt çäkliligi sebäpli men bu ýerde şol döwrüň wekilleriniň hemmesini ýatlap bilemok, bu adamlaryň döreden eserleri barada köp gürrüň edildi (Metbugatdaky gürrüňi nazarda tutýaryn).
Bu nesilden soňky nesil, siziň egindeşleriňiz, şu günki günde 80-niň onlugyna giren döredijiler, Kömek Kulynyň deň-duşlary, 70-iň onlugyna giren nesil barada metbugatda azrak gürrüň edildi.Soňra çekişmeler, synlar ýatyp galdy. Şonuň bilen birlikde, edebi düşünjäniň, edebiýata bolan höwesiň hem halkda, ýaşlarda peselendigi aýdylýar.
Bu näme üçin beýle boldy?
Hudaýberdi Hally: Biziň döwrümizden, esasan, Atamyrat Atabaýyň eserleri, has takygy, onuň goşgulary barada köp gürrüň edildi, ol barada “Edebiýat we sungat” gazetinde uzyn çekişmeler guraldy. Beýlekiler barada az gürrüň edildi. Bizden soňky nesiller, ýagny seniň aýdýanyň şu wagt 70 ýaşyň içindäki ýazyjylar barada örän ujypsyz gürrüň edildi.
Edebi tankyt diýilýäni şöhle ýaly bir zat, ol çeper sözi ugrukdyryjy, bela-beterden halas ediji güýç.Ol bizde syýasy maýylganlykda, ýagny 60-njy ýyllarda örän güýçlenipdi.Kem-kemden şol belli tankytçylar edebiýatyň günübirin meselesinden daşlaşdylar.
Olaryň bir topary teoriýa ylmyna ýüz urdy, beýleki birleri monografiýa ýazdy, täze döreýän edebiýata üns azaldy.Beýleki bir tarapdan, ösüp gelýän tankytçylara goldaw bolmady.Olaryň zähmetine, jan çekip aýdýan pikirine ähmiýet berilmedi, ýagny täze edebi tankydyň ösmegi üçin ýeterlik alada edilmedi.
Bir zady bellemeli, edil nesilleriň çalşyşy ýaly, edebi akym, ýagny jemgyýete edebi akymyň gelşi-de, çalşyp hem üýtgäp durýar. Täze edebiýat geldimi, oňa täze tankytçylar gerek.
Öde Abdyllaýewden, Abdylla Myratdan, Hanguly Taňryberdiýewden, Saýlaw Myratdan gaýdýan uly tankytçylar neslinden bir adam, professor Jora Allakow edebi tankydy hiç wagt ünsden düşürmedi.Ol aram-aram täze eserler hakda umumylykda diýen ýaly makalalar ýa-da syn bilen çykyş edýärdi.
Emma şol tankytçy-da hiç mahal ýaş nesliň edebiýaty barada ne öwgüden, ne tankytdan, hiç zat aýtmady.Jora Allakowyň tankydy pikirleri ýazyjy Tirkiş Jumageldiniň döwründen soňa geçmedi.Aslynda bolsa soňky ýaşlar täze edebiýat döredýärdiler.
Aýdaly, şol başda “Aýgytly ädim”, “Doganlar” hem “Ykbal” romanlary biri-birine meňzeşdiler, ideýa taýdan biri-birini gaýtalaýardylar. Şeýle meňzeşlik 60-njy ýyllarda-da bardy. Ýöne Kömek Kulynyň nesline gelsek, eýýäm şeýle düzgün bolmady.
Kömek Kulynyň döredijiligi onuň dosty hem ýoldaşy Osman Ödä ýa-da Annaguly Nurmämmede meňzemeýärdi, olar hem Kömek Kulyny gaýtalap bilmeýärdiler.Olar täze edebiýaty, ýagny öňkülere meňzemeýän edebiýaty döretdiler.
Ony diňe täze tankyt aýdyp biljekdi, täze tankyt şol edebiýatyň möhümdigini jemgyýete düşündirip biljekdi. Şol meselä ýeterlik üns berilmedi.
Azatlyk Radiosy: Siziň pikiriňizçe, edebiýatda täze akymlaryň bolşy ýaly, tankytda-da täze gan, täze akym zerur ekeni-dä? Siz şeýle diýmekçi bolýarsyňyzmy?
Hudaýberdi Hally: Ol gürrüňsiz şeýle. Sebäbi ýagdaý şol zerurlygyň bolandygyny görkezdi.
Azatlyk Radiosy: Edebiýatdaky suslukdan soň dörän prezident ýazyjylaryň jogapkärçiliginden başga, beýlekileriň kölegede galdyrylmagynda ýa-da galmagynda edebi nesilleriň öz jogapkärçiligi barada näme aýdyp bolar?Sebäbi, özara gürrüňçiliklerden görnüşine görä, täze edebiýaty getirýän nesliň wekillerinde täze tankydy pikirler hem bardy. Ýöne olar öz pikirlerini açyk aýdyp, tankydy janlandyrmakdan saklandylar.
Bu gorky bilen bagly.Olar adamlaryň göwnüne degmekden çekinýärdiler. Özüňiz gowy bilýärsiňiz, tankydy ýa-da başgaça pikiri hemişe gül bilen garşylamaýarlar. Şol jogapkärçilik barada siziň näme pikiriňiz bar?
Döredýänleriň öz jogapkärçiliklerini unutmagynyň, öz galamdaşlarynyň eserleri barada dymmaklarynyň sebäbi näme? Şol jogapkärçilik barada gürrüň edilse gowy bolmazmy?
Hudaýberdi Hally: Olaryň köp meselelere parhsyz bolandygyny aýdyp bolar. Ýene yza dolansak, sowetler döwründe döredilen eserlere, çykýan kitaplara döwlet tarapyndan pul tölenýärdi.Kitap gowumy ýa erbetmi, tapawudy ýok, ol çap boldumy, diýmek, seniň galamhakyň bar.
Belli ýazyjy Konstantin Simonowyň ýatlamagyna görä, şol düzgüni Stalin girizipdir.Stalin Ministler Sowetiniň başlygy hökmünde, edebiýata näçe hak tölemeli, terjimä näçe tölemeli, gaýtalanyp çap edilýän eserlere näçe tölemeli; şol tölegleriň ählisini kesgitläpdir. Şol kesgitleme-de tä SSSR dargaýança dowam etdi. Ýazyjylar eldeki boldular, olar öz hojaýynlarynyň eline seretdiler.
Soňra şol düzgün ýok boldy, ýa-ha sen ýaranjaň edebiýat ýazyp pul gazanmaly, ýa-da ýazman oturmaly. Ýöne bir edebiýatyň hatyrasyna, öz aýdasyň gelýän sözüňi aýtmak üçin islegem bolar ahyryn.
Ine, şol gaýrat biziň ýazyjylarymyzda kemterlik etdi.
Azatlyk Radiosy: Bu ýerde, elbetde, biziň gozgap ýetişmejek meselelerimiz kän. Şonuň üçin häzirki döwre geçeliň.Internet nesliniň edebiýat, kyssa we poeziýa eserleri, umuman söz senedi barada gurnajak bolan çekişmeleri, ýapylan saýtlardan görnüşine görä, edebi taýýarlygyň, tankydy pikirlenişiň eýýäm Garaşsyzlyk döwürlerinde biraz peselendigini görkezdi. Ýöne käbirleri iňlis dilinde okap bilýän türkmen ýaşlary köpeldi, täze bir tolkun gelip biler diýip umyt edýär.
Siz bir söhbetdeşlikde, sebitdäki beýleki ýurtlaryň wekilleri bilen deňeşdirilende, türkmenleriň pikir aýtmakda gaty yza galýandygyny aýtdyňyz.Bu ýagdaý üýtgäp bilermi?
Hudaýberdi Hally: Elbetde, üýtgemejek zat ýok. Ýöne häzir biziňkiler gaty ýalta.Olar indi hökümetiň edebiýata kömek etmejekdigine düşünäýjek ýaly, ýöne nähilidir bir umyt olary saklaýar.Muňa garamazdan, Internet barada gowy pikirler aýtdyň.
Internet hakykatdanam dünýäni daraldýar, ýagny halklary biri-birine golaýlaşdyrdy.Meselem, meniň habarlaşýan adamlarymyň ählisi dünýäniň haýsy künjeginde bolsa-da, Türkmenistany tanaýarlar, ol ýerde dowam edýän syýasaty-da bilýärler.
Dünýä çykmaly, dünýäde ençeme edebi konkurslar yglan edilýär, näçe halkara neşirleri bar, gynansak-da, ol ýerlerde türkmenler örän az görünýär.
Bir mysal aýdaýyn, gyrgyz ýazyjysy hem blogçy Olžobaý Şakir “Adam+” atly powest ýazypdyr.Ol LGBT temasyndan.Bu tema biziň sebitimizde ýapyk gadagan.Onuň bu temadan ýazan eseriniň biziň sebitimizde çykmak umydy ýok, ýöne oňa fransuzlar fransuz dilinde çykarmaga söz beripdirler.
Diýjek bolýanym, gowy zat bolsa, ol bir ýerden ýol alýar.Eger-de şol eser hiç ýerde çykmaýanda-da, ýene 5-10 ýa 20 ýyldan ol hökman çap ediler.
Azatlyk Radiosy: Türkmenistanda ýaşaýan ýazyjylar hem žurnalistler edebiýatyň çäklendirilmeginiň ýa-da täze edebiýatyň aşak basylmagynyň jemgyýete ýetirýän agyr täsirleri barada hem alada bildirýärler.Olar, elbetde, anonimlik şertinde gürleşip, soňky döwürde gürleşere adamyň ýokdugyny, gürleşseňem düşünişip bolmaýandygyny, edilýän gürrüňlere derrew gaharyň gelýändigini, öňki giň düşünjeli adamlaryň ýogalyp, azalyp gidip barýandygyny aýdýarlar.
Türkmen pikirlenişiniň daralmagynyň, pikirde çüpremegiň öňüni almak hem-de okaýan, pikirini aýdýan adamlaryň köpelmegi üçin gyssagly ýagdaýda näme edip bolar?Häzirki düşünýän hem pikirlenýän adamlar näme edip bilerler ýa-da syýasatda bolşy ýaly, bu edebiýatda hem howply bir zatmy?
Käbirleri muňa hem howply bir zat hökmünde garaýan ýaly görünýär.
Hudaýberdi Hally: Meniň pikirimçe, edebiýat syýasatdan ýokary bolmaly. Eger biz düýnki syýasaty alsak, meselem, S. Nyýazowyň döwrüni, ol eýýäm köne, indi syýasat başga. Şoňa görä-de edebiýat hiç wagt ownamaly däl, çüpremelem däl. Ol öz döwründen mümkin bolsa birneme öňräkde hereket etmeli. Edebiýat ägirt uly jemgyýetçilik güýji, edebiýatçylar şol güýji aýan etmäge çalyşmaly.
Biz gürrüňi Kömek Kuludan başlapdyk, ýagny meniň redaktorlyk döwrümden başladyk, şu ýerde ýene şol döwre dolanasym gelýär, sebäbi biziň şaýatlyk eden döwrümizde, biziň gözümiziň alnynda beýik edebiýatlar döräpdi. Ine, şondan iki setirjik:
Säher turup, syl ýüzüňe çagaňy,
Päkligiňde bolup bilseň şonça bol!
Men şu setirleri näçe gezek gaýtaladymkam? Belki, müňlerçe gezek gaýtalandyryn. Biz şeýle edebiýatyň döremegine şaýat bolupdyk. Men häzirem şeýle edebiýatyň döremegine şaýat bolmak isleýän. Şonuň üçinem edebiýatyň birneme ýokarda, jemgyýetçilik aladasyny edýän ýagdaýda janlanmagy gerek.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.