“Kökçi” 25 müňe golaý akkumulýatory eksport etdi

“Kökçi” 25 müňe golaý akkumulýatory eksport etdi

Berkarar Diýarymyzyň ykdysady kuwwatynyň has-da pugtalanmagynda, ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň yzygiderli ýokarlanmagynda telekeçilik ulgamyna aýratyn orun degişlidir. Olaryň ýurdumyzda öňden hereket edip gelýän iri kärhanalar bilen ysnyşykly işlemekligi bolsa, halk hojalygy üçin zerur bolan ýokary hilli önümleri öndürmäge mümkinçilik berýär.

Şeýle kärhanalaryň biri hem 2016-njy ýylda telekeçilik ulgamy üçin berilýän ýeňillikli karz serişdeleriniň hasabyna esaslandyrylan, Türkmenabat şäherindäki himiýa kärhanasy bilen işlerini sazlaşykly alyp barýan, ýurdumyzda ilkinji bolup awtoulaglar üçin akkumulýator batareýalaryny öndürmekligi ýola goýan Kökçi hojalyk jemgyýetidir.

Bölümleri ýurdumyzyň ähli sebitlerinde hereket edýän bu hojalyk jemgyýetinde ulag serişdeleri üçin zerur bolan akkumulýator batareýalarynyň ýük we ýeňil awtoulaglar, şeýle hem oba hojalyk tehnikalary üçin TM Power, Ýyldyrym, Farwaý, Akum, Kuwwat hil nyşanly 42/12-den başlap 225/12 watt kuwwatly görnüşlerine çenli jemi 16 görnüşi öndürilip, alyjylara hödürlenýär. Önümçilik gerimi barha giňeýän hem-de artýan bu kärhanada geçen ýyl dürli kuwwatlykda akkumulýator batareýalarynyň 76 müň 680-den gowragy öndürilip, onuň 24 müň 784 sanysy dürli döwletlere çykarylan bolsa, şu ýylyň 6 aýynda eýýäm 41 müň 900-den gowrak önüm öndürilip, onuň 18 müň 550-ä golaýy Owganystan, Azerbaýjan, Ermenistan, Italiýa ýaly döwletlere eksport edilipdir.

Bu bolsa, geçen ýylyň şu döwri bilen deňeşdirilende önümçiligiň ösüş depgininiň 10 göterimden aşandygyny, eksport ugrunyň hem ep-esli artandygyny görkezýär.

Hojalyk jemgyýetinde Türkiýe, Ýaponiýa, Hindistan, Hytaý ýaly döwletlerde öndürilen kämil tehnologiýalaryň ulanylmagy önümiň hil derejesiniň ýokary bolmagyny üpjün edýär. Bu ýerde çig mal hökmünde ulanyşdan galan akkumulýator batareýalarynyň we plastik önümleriň ulanylmagy öndürilýän önümleriň özüne düşýän bahasynyň pes bolmagyny üpjün edýär, şeýle hem bu ekologiki taýdan ähmiýetlidir.

Dürli awtoulaglaryň, oba hojalyk tehnikalarynyň ulanyşdan galan akkumulýator batareýalarynda bar bolan kislotalary syrkylyp alnyp, Türkmenabat şäherindäki himiýa kärhanasyna tabşyrylmagy hem hojalyk jemgyýetinde öndürilýän önümler üçin kükürt kislotasynyň bu kärhanadan alynýandygy göz öňünde tutulanda tygşytlylyk babatda örän ähmiýetlidir. Şu oba hojalyk ýylynda welaýatlaryň oba hyzmat önümçilik birleşikleriniň kuwwatly tehnikalarynyň Kökçi hojalyk jemgyýetinde öndürilen akkumulýator batareýalary bilen üpjün edilmegi ýurdumyzyň gallaçy babadaýhanlarynyň döwlete galla tabşyrmagyň şertnamalaýyn borçnamalaryny artygy bilen berjaý etmeklerine özboluşly goşantdyr.

Bu hojalyk jemgyýetiniň ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda söwda nokatlarynyň hereket edýändigini hem belläp geçmek bolar.

Kökçi hojalyk jemgyýetiniň ýurdumyzda geçirilýän önümçilik sergilerine yzygiderli gatnaşmaklygy dürli döwletleriň önüm öndürijileri we sarp edijileri bilen ysnyşykly hyzmatdaşlygy ýola goýmaga, diýmek, önümleriň eksport ugruny has-da artdyrmaga mümkinçilik berýär.

Çeşme: Altyn asyr elektron gazeti

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanda öndürilýän akkumulýatorlar daşary ýurtlara eksport edilýär
Daşoguz pagta egriji fabriginde ýokary hilli nah ýüplügi öndürilýär
Astana diplomatik kluby türkmen kompaniýalaryny Gazagystanyň 2024-nji ýyldaky iri sergilerine çagyrýar
Özbaşdak hereket edýän traktor, tok bilen işleýär
“Ýaşyl” ammiak import eder
Kaliforniýaly lotereýada 2 milliard dollar utdy