Köçelerde garaşylýan täze awtobuslar awtoparklarda könelýär

Köçelerde garaşylýan täze awtobuslar awtoparklarda könelýär

Türkmenbatda, Lebapawtoulag önümçilik birleşiginiň awtoparkynda 100-den gowrak ýolagçy awtobusy birnäçe aý bäri ulanylman, açyk asmanyň astynda boş dur. 24 ýolagça niýetlenen “Tayoto” awtobuslarynyň sany, Azatlyk bilen gürleşen hünärmeniň tassyklamagyna görä, 120 sany bolup, olaryň 'tussaglykda' saklanylmagyna uly Berdimuhamedowyň özboluşly 'iş usulynyň' ýa-da reňkleriniň sebäp bolan bolmagy hem mümkin.

Lebapawtoulag önümçilik birleşiginiň awtopakynda işleýän hünärmen bu hili awtobuslaryň merkezden beýleki sebitlere hem iberilendigini, emma olaryň hiç ýerde ulanyşa girizilmeýändigini aýdýar.

“Türkmenabadyň ady belli 15-nji awtoparkyna üç aý çemesi öň getirilen 120 sany täze awtobus açyk howada, ýel-ýagmyryň astynda ulanylman könelýär” diýip, habarçymyz bilen gürleşen hünärmen aýtdy.

Onuň tassyklamagyna görä, bu awtobuslaryň hiç biriniň döwlet belgisi ýok. Şeýle-de, hünärmen bu hili awtobuslaryň, edil Türkmenabatdaky ýaly möçberde, üç aý mundan öň, beýleki sebitlere hem iberilendigini gürrüň berdi.

Hünärmen ýurduň sebitlerine paýlanyp berlen awtobuslaryň boş, ulanylman durmagynyň sebäbini satyn alnan ulaglaryň öndüriji zawod tarapyndan berilmeli resminamalarynyň ýokdugy bilen düşündirdi.

“Bu awtobuslaryň dokumentleri ýok, olar şu sebäpden ulanylman dur, beýleki welaýatlara iberilen awtobuslar hem ulanylman durmuşyn” diýip, adynyň aýdylmazlygyny soran hünärmen aýtdy.

Ýurt garaşsyz žurnalistler üçin ýapyk bolansoň, Azatlyk bu sebäbiň’ näderejede hakykata laýyk gelýändigini, beýleki welaýatlara iberilen awtobuslar barada aýdylýanlaryň nädereje anykdygyny garaşsyz ýagdaýda barlap bilmedi.

Habarçymyz bilen gürleşen ýaşaýjy bu awtobuslar awtoparka getirilende, awtobusa garaşyp ýadasoňlar, türkmenabatlylaryň gaty şat bolandygyny, ýöne ir begenendiklerini gürrüň berdi.

“Ýadymda, şonda hatarlanyp gelýän awtobuslary görüp, adamlar gaty begenipdi. Mekdep okuwçylary, edara-kärhanalaryň işçileri, täze awtobuslary görüp, ýyrş-ýyrş edýärdiler. Ýöne indi, fewral aýyna geçsek, bu awtobuslaryň awtopakyň derwesinden girip, yzyna çykman duranyna 3 aý töweregi wagt bolýar” diýip, Azatlygyň söhbetdeşi aýtdy.

Onuň sözlerine görä, türkmenabatlylar ilki täze awtobuslaryň ýola çykjak güni 12-nji dekabrda bellenilýän Bitaraplyk gününe, baýramçylyk dabarlaryna gabatlanar diýip garaşdylar. Emma bu edilen tama çykmady. Soň adamlar täze awtobuslar Täze ýyl baýramçylygyna gabat işe giriziler, adamlar täze ýyldan täze awtobuslarda işe, okuwa gatnar diýip umyt etdiler. Emma ol awtobuslar 1-nji ýanwarda hem köçelerde görünmedi.

Ýolagçylaryň gündelik ýol azabyny ýeňletmek üçin uly döwlet serişdesine satyn alnan ýüzlerçe awtobusyň ulanylman durmagy il arasynda bir topar soraga, şol sanda myş-myşlara hem sebäp bolýar.

Ýurtdaky desgalaryň ýa-da satyn alnan tehnikalaryň ilata ulanylmaga berilmegi bilen bagly dabaralaryň diňe ýurduň birinji ýolbaşçysynyň meýline, islegine ýa bellän wagtyna gabat guralýandygyny aýdyp, awtobuslaryň boş durmagyny Gurbanguly Berdimuhamedowyň iş praktikasy bilen baglanyşdyrýan adamlar hem bar.

“Eger-de şol [Gurbanguly Berdimuhamedow] aýtmasa, komanda bermese, awtobuslar entek köp wagt boş durar” diýip, adynyň aýdylmazlygyny soran ýerli synçy aýtdy.

Şeýle-de, ol bu awtobuslaryň boş durmagyna olaryň sary reňkiniň sebäp bolan bolmagynyň ähtimaldygyny öňe sürdi.

“Možet, bu awtobuslar sary reňkli bolansoň, olara dopusk bermeýärler. Bilýänsiňiz-ä, Türkmenistanda täze satyn alynýan tehnikalar ak reňkli bolmaly. Reňkleri sary bolansoň, bu awtobuslaryň dokumentleri PÝGG-nyň tehniki guratçylyk bölüminden geçip bilmedik bolmaly” diýip, ol öz pikirini aýtdy.

Türkmenistanda daşary ýurtlardan satyn alynýan tehnikalaryň söwdasy köplenç gizlin ýagdaýda, ýokary wezipeli adamlaryň howandarlygynda amala aşyrylýar we käte olaryň gümrük tölegleri hakynda mesele çykýandygy we onuň çözgüdiniň köp wagt alýandygy aýdylýar.

Azatlygyň habarçysy indi adamlaryň bu awtobuslar mart aýynda, Nowruz baýramçylygyna gabat ulanyşa çykarylar diýip umyt edýändiklerini aýtdy.

Türkmenistanda ýolagçy awtobusy meselesi hemişe diýen ýaly problema bolup, awtoulag ýetmezçiligi ýa-da jemgyýetçilik ulaglarynyň gatnawlarynyň kadaly ýola goýlup bilinmezligi, taksi hyzmatlarynyň çäklendirilmegi adamlaryň köp wagtlaryny ýitirip, tomsuň yssysynda, gyşyň sowuk howasynda duralgalarda uzak wagt garaşyp durmagyna, saglygyny ýitirmegine sebäp bolýar diýip, synçylar aýdýar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanda gar ýagdy, käbir sebitlerde tok we gaz üpjünçiligi kesildi, ýol hadysalary köp boldy
Polis 'yrsgaly' para çözgüdine uýýan ýaşlary köpeldýär
PÝGG ýagyşdan soň palçyga bulaşýan ýollarda hapa ulaglara jerime ýazýar
Aşgabadyň mekdeplerinde okuwçylara Täze ýyly bellemegiň gadagandygy duýdurylýar
Türkmenistanda benzin gytçylygy ýitileşip dowam edýär, iýmit önümleri gymmatlaýar
Ýagmyr, buzly ýagyş awtoulaglara zyýan ýetirdi, köçelerde suw üýşürdi