Köçe-ýol hereketine gözegçilik güýçlendirilýär, ýöne bökdençlikler "düzedilmeýär"

Köçe-ýol hereketine gözegçilik güýçlendirilýär, ýöne bökdençlikler "düzedilmeýär"

Türkmenistanda “Ýol hereketiniň howpsuzlygy ömrümiziň rahatlygy” ady bilen geçirilýän biraýlygyň çäginde ýaşaýjylar käbir täze päsgelçilikler bilen ýüzbe-ýüz bolýan mahaly, öňden bar bolan kemçilikleri, bökdençlikleri düzetmek ugrunda tagalla edilmeýändigi aýdylýar.

Belläp geçsek, tutuş sentýabr aýyny öz içine alýan bu biraýlygyň dowamynda Polisiýanyň ýol gözegçilik gulluklary esasan awtoulaglaryň tehniki taýdan guratlyk derejesine hem-de ýurtdaky magistrallarda, ýollarda, köçelerde we ýodalarda köçe-ýol hereketiniň düzgünini bozýan sürüjilere gözegçiligi güýçlendirýärler.

Emma Azatlyk Radiosynyň Aşgabatdaky habarçysynyň sözlerine görä, bu çäräniň dowamynda paýtagtda we tutuş ýurtda ýol belgileriniň kada laýyk goýulandygyny ýa-da goýulmandygyny öwrenmek we olary düzetmek boýunça haýsydyr bir işleriň edilýändigi göze ilmeýär. “Mekdepleriň ýa-da çagalar baglarynyň deňinde köçäni çagalaryň kesip geçýändigi barada köçe-ýol hereketiniň ýörite özüniň belgisi bar welin, şol belgi köp ýerde goýulmadyk.

Aýdaly 50-60 mekdep bar bolsa, olaryň 5-6 sanysynda goýlan, galanynda goýulmadyk. Ýa-da olaryň deňinde awtoulagyň tizliginiň peseldilmelidigini, näçe tizlikden sürmelidigini görkezýän ýol belgisi bolmaly.Oňa derek protokol köçelerinde köçe-ýol hereketiniň düzgünleri bilen bagly şertli belgiler näçe diýseň bar. Ýöne çagalaryň iň köp üýşýän ýerlerinde ýol belgileri goýulanok” diýip, Aşgabatda ýaşaýan synçy Amanmyrat Bugaýew gürrüň berdi.

Mundanam başga, ol paýtagtyň etrapçalarynyň aralaryndaky gatnawly, ýöne atsyz köçeleriň köpüsiniň abatlyk derejesine seredilmeýändigini, şeýle köçelere 9-10-11-nji mikroraýonlarda we 2-4-5-6-njy mikroraýonlarda duş gelse bolýandygyny hem belledi. “Şolaryň köpüsinde tratuar bilen köçe birigip gidipdir. Şoňa üns berýän adam ýok” diýip, synçy şuňa meňzeş köçeleriň ýurduň beýleki welaýatlaryndaky şäherdir etraplarda sanardan köpdügini, käbir obalar bilen etrap merkezleriniň arasyndaky ýollaryň iň soňky gezek mundan 50-60 ýyl öň abatlanandygyny hem sözüniň üstüne goşdy.

Galyberse-de, häzirki wagt “Aşgabat şäheriniň 15-16-njy nobatdaky gurluşygynyň” çäginde gadymy Köşi obasynyň we paýtagtdaky köne aeroportuň töweregindäki köçeleriň ençemesi indi iki aýa golaý wagt bäri ýapyk dur.

Bu sebitde haýsy köçeleriň ýapylandygy, goşmaça ýol alternatiwalary baradaky bildirişler ne metbugatda mälim edilýär, ne-de ýapylan köçeleriň golaýynda asylýar. Ýöne şol bir wagtyň özünde, türkmen häkimiýetleriniň ýaşaýjylaryň durmuşyny has-da kynlaşdyrvan täze çäklendirmeleri girizmek babatynda işjeň hereket edýändigine üns çekilýär.

Aýdylmagyna görä, Aşgabadyň ençeme orta mekdebinde, şol sanda Parahat-2 etrapçasyndaky 55-nji, Parahat-1 etrapçasyndaky 47-51-nji mekdeplerinde çagasyny okuwa gatnadýan ene-atalaryň awtoulaglaryny wagtlaýyn saklamagy üçin niýetlenen ýörite meýdançalar bar. Ýöne biraýlygyň başlanmagy bilen, şu günler bu meýdançalardaky ulaglar hem hiç hili düşündiriş berilmezden, ala-gopgun edilip dessine çykarylýar. “Ata-eneler çagalaryny getirip düşürmäge ýa-da okuw güni tamamlananda, çagasynyň mekdep howlusyndan çykyp, maşyna münmegi üçin uzaga gitse 5-10 minut aralygynda durýar. Özem öň ýörite niýetlenip, boş goýlan ýer.

Ine, şol ýerlerden hem awtoulaglary ala-gopgun edip çykarýarlar” diýip, Bugaýew aýtdy. 3-nji sentýabrda Azatlyk Radiosynyň Türkmenistandaky habarçylary 1-nji sentýabrdan başlap, ýagny “Ýol hereketiniň howpsuzlygy ömrümiziň rahatlygy” atly çäräniň başlanmagy netijesinde köçelerdäki ýol inspektorlarynyň sanynyň ençeme esse köpelendigini we “ýol paralarynyň” mukdarynyň adatdakysyndan ençeme esse ýokarlanandygyny habar berdiler.

Azatlygyň habarçylary biraýlygyň dowamynda köçe-ýol hereketine edilýän gözegçilikler güýçlendirilse-de, ýol hadysalarynyň we bidüzgünçilikleriň sanynyň azalmaýandygyny aýdýarlar. Ýurduň resmi metbugatynda bolsa, bu çäräni giňden mahabatlandyrýan reportažlar görkezilýär ýa-da çap edilýär. Ýöne köçe-ýol hereketinde ýüze çykýan howply hadysalar, ýol heläkçilikleri barada maglumat berilmeýär.

Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komiteti hem bu baradaky statistiki sanlary köpçülige hödürlemeýär. “Ýol hereketiniň howpsuzlygy ömrümiziň rahatlygy” atly biraýlyk prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň inisiatiwasy bilen 2014-nji ýyldan bäri her ýylyň sentýabr aýynda geçirilýär.

Ýene degişli makalalar

Awazada bolan ýol heläkçiliginde dört adam wepat boldy
Zyýarat kerweni heläkçilige uçrady, 15 adam wepat boldy
Diňle: Zyýarat kerweni heläkçilige uçrady, 15 adam wepat boldy
Ýollarymyzyň abatlygy ömrümiziň rahatlygy
Ýol howpsuzlygynyň biraýlygynda aýal sürüjiler häkimiýetler tarapyndan nyşana alynýar
Türkmen diplomatlary Berlinde köçe düzgünlerini bozmakda öňdäki 'onluga girdi'
Germaniýada buzly ýagyn zerarly 50 awtoulag çaknyşdy