Kodzi Sato 1-nji aprelden Toyota kompaniýasyna ýolbaşçy bellener

Kodzi Sato 1-nji aprelden Toyota kompaniýasyna ýolbaşçy bellener

Öňdebaryjy ýapon awtoulag öndürijisi bolan Toyota Motor Corp. kompaniýasynyň baş ýerine ýetiriji direktorlygyna Kodzi Sato bellener, ol 1-nji aprelden işe başlar diýip, kompaniýanyň habarynda aýdylýar.

Häzirki wagtda Sato kompaniýada işewürlik direktorynyň hem-de Lexus lýuks brendiniň prezidenti bolup işleýär. 53 ýaşly işewür Toyotada 1992-nji ýyldan bäri işläp gelýär.

1-nji aprelden kompaniýanyň häzirki baş ýerine ýetiriji direktory Akio Toýeda direktorlar geňeşiniň başlyklygyny eýelär, häzir bu wezipede işleýän Takesi Utiýamada geňeşiň agzalygyna geçiriler.

Toyota kompaniýasynyň paýnamalary düýn 0,6 göterim arzanlady, soňky 12 aýda awtoulag önüdirijiniň kapitallaşdyrylmasy 12,5 göterim, ýagny 26,48 trillion iýene (204,4 mlrd dollar) çenli arzanlady. 2021-nji ýylda kompaniýa öndüren ulaglarynyň sany boýunça Volkswagen kompaniýasyndan öňe saýlanyp, dünýäde ilkinji orna çykypdy. Bu barada Interfax.ru ýazýar.

Ýene degişli makalalar

Abatlamak üçin täze usul döredildi
Bilim ulgamynyň hünärmenleri dil öwretmek konsepsiýasynyň durmuşa geçirilişiniň ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar
Russiýanyň Baş ştabynyň başlygy: "Günbatara garşylyk görkezeris" diýdi
Putin Günbataryň howplaryna jogap berjekdiklerini aýtdy
Erdogan Bilen Rutte Telefon Arkaly Söhbetdeşlik Geçirdi