Kobakhidze Gruziýanyň Premýer-ministri wezipesini tassyklandy

Gruziýanyň parlamenti ýurduň Premýer-ministr wezipesine Irakli Kobakhidzeni tassyklady.Maslahat ýurduň iň ýokary kanun çykaryjy edarasynyň web sahypasynda göni ýaýlymda görkezildi.Segsen dört adam ses berdi, saklanan ýok.

Karar kabul edildi diýip, parlamentiň başlygy Şalwa Papuaşwili ses berişligiň netijelerini jemledi.Kobakhidze, hökümet meýilnamasyny parlamente hödürlän mahaly, ýurduň Russiýa bilen pragmatiki syýasaty dowam etdirjekdigini belledi. Şeýle-de Premýer-ministr Tbilisiniň Waşington we Brýussel bilen gatnaşyklaryny täzeden dikeltmegi ileri tutulýan ugurlaryň biri diýip aýtdy.

Ol Gruziýanyň 2030-njy ýyla çenli Ýewropa Bileleşigine girmegi maksat edinýändigini belledi. Şol bir wagtyň özünde Kobakhidze Ýewropa Bileleşigini bu ýurda bolan hormatyny subut etmäge çagyrdy.Parlamentiň wekilleri umumy mejlisde, Kobakhidzeniň ýolbaşçylygyndaky hökümetiň täzelenen düzümine we hökümet maksatnamasyna ynam bildirdi. Ýatlap geçsek, ýurduň parlamentiniň wekilleriniň köpüsini 26-njy oktýabrda geçirilen parlament saýlawlarynyň netijelerine görä, “Gruzin arzuwy” partiýasynyň agzalary eýeleýär.

Ministrler Kabinetinde üç sany täze ministr bar: daşary işler ministri Maka Boçorişwili, adalat ministri Anri Ohanaşwili we daşky gurşawy goramak we oba hojalyk ministri Deýwid Songulaşwili.Kobakhidze ýurduň Ýewropa Bileleşigine agza bolmak meýilnamasyny yglan etdi Gruziýanyň Premýer-ministri Irakli Kobakhidze hökümet meýilnamasyny tassyklatmak üçin parlamente hödürlän wagty, ýurduň 2030-njy ýyla çenli Ýewropa Bileleşigine agza bolmagy maksat edinýändigini aýtdy. “Ýewropa integrasiýasy ýolundaky ähli üstünlikler biziň ýolbaşçylygymyzyň şertlerinde gazanyldy. 2030-njy ýyla çenli Ýewropa Bileleşiginiň agzasy bolmak biziň maksadymyz diýip Kabahidze belledi.

Gruziýada täze Prezidenti üçin saýlawlar 14-nji dekabrda geçiriler Ýurduň täze Prezidenti üçin saýlawlar 14-nji dekabrda geçiriler.Bu barada ýurduň parlamentiniň umumy mejlisinde mälim edildi.Kanun çykaryjy guramanyň metbugat gullugynyň habarlaryna görä, ses berişlikde 80 deputat degişli karary goldady we garşy çykan bolmady.

Konstitusiýada kesgitlenen Gruziýanyň Prezidentini saýlamagyň täze düzgünine laýyklykda, Prezident indi ähliumumy göni saýlaw bilen saýlanmaýar.Täze Prezident ilkinji gezek 300 adamdan ybarat topar tarapyndan saýlanar: täze parlamentiň 150 deputaty we sebitlerden 150 delegat. 2018-nji ýylda saýlanan Salome Zurabişwili Gruziýantyň bäşinji we iň soňky saýlanan Prezidenti boldy.

Onuň ygtyýarlyklary 16-njy dekabrda gutarýar. /* custom css */ .td_uid_15_6749af1cef9a2_rand.td-a-rec-img { text-align: left; } .td_uid_15_6749af1cef9a2_rand.td-a-rec-img img { margin: 0 auto 0 0; }

Ýene degişli makalalar

Gruziýanyň Medeniýet we sport ministrligi iki edara bölüner
Türkmenistan Gruziýada “BMG-niň Bütindünýä syýahatçylyk güni” forumyna gatnaşýar
Türkmenistan-Gruziýa: Ýokary derejedäki özara saparlary guramak meselesi ara alnyp maslahatlaşyldy
Türkmenistan Gruziýa bilen ylmy we medeni ugurly bilelikdäki taslamalary we maksatnamalary amala aşyrmaga taýýar
Türkmen diplomaty Tbilisi döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň rektory bilen hyzmatdaşlygy giňeltmegi maslahatlaşdy
Prezident Erdogan Gurziýanyň Premýer-ministrini Kabul Etdi