Klublaýyn dünýä çempionatynyň ýarym finalyna gatnaşyjylar belli boldy

Klublaýyn dünýä çempionatynyň ýarym finalyna gatnaşyjylar belli boldy

“UANL Tigres” Klublaýyn dünýä çempionatynyň ýarym finalyna çykdy. Meksikalylar “Ulsan Hýonde” bilen duşuşyp, 2-1 hasabynda ýeňiş gazandylar.

Günorta Koreýanyň kluby hasaby ilki açdy. 24-nji minutda Kim Ki Hi pökgini geçirdi. “UANL Tigres” 38-nji minutda gol girizdi, goşmaça bäşinji minutda bolsa Andre-Pýer Žinýak hasaby 2-1 etdi. “UANL Tigres” ýarym finalda “Palmeýras” bilen oýnar.

Duşuşyk 7-nji fewralda geçer.Beýleki bir ýarym finalda Kataryň Al-Duhail klubyny ýeňen Müsüriň Al-Ahli kluby “Bawariýa” bilen duşuşar.Final we üçünji orun üçin oýun 11-nji fewralda geçiriler.

Turniriň häzirki ýeňijisi Ýewropanyň Çempionlar ligasynyň ýeňijisi iňlis “Liwerpulydyr”.Katar Klublaýyn dünýä çempionatyny yzygider ikinji ýyl kabul edýär, indiki gezek turnir dekabr aýynda Ýaponiýada geçer.

Ýene degişli makalalar

“Ysraýylyň Döwlet Terroryna Garşy Durmak Türkiýäniň Milli Meselesi”
"Bawariýa" klublaýyn dünýä çempionatynyň ýarym finalynda "Al-Duhail" ýa-da "Al-Ahli" bilen oýnar
Katardaky Klublaýyn dünýä çempionatynyň oýunlarynyň tertibi we stadionlary belli boldy
Ilkinji çempionlygy
Futbolyň ägirdi Diego Maradona aradan çykdy, Argentinada 3 gün ýas yglan edildi
Ýük daşamaga niýetlenen täsin welosiped