Klublardan köp çempionlyk gazandy

Amerikan futbolynyň final oýny bolan 55-nji Super Bowl duşuşygynda “Tampa Beý Bakkanirs” ýeňiş gazandy.Floridalylar finalda geçen ýylyň çempiony “Kanzas Siti Çifs” toparyndan 31:9 hasabynda üstün çykmagy başardy.

Floridadaky Tampa şäherinde ýerleşýän Raymond James stadionynda oýnalan duşuşykda adaty möwsümde hüjüm etmekde tapawutanan topary “Kanzas Siti Çifs” finalda hüjüm geçirmekde kynçylyk çekdi.Ilkinji ýarymda 21:9 öňe saýlanan “Tampa Beý” netijede 31:9 hasap bilen ýeňiş gazanyp, 2003-nji ýyldan soň 2-nji gezek Super Bowl kubogyny eýeledi.

Toparyň super ýyldyzy Tom Bredi 10-njy Super Bowl duşuşygynda 7-nji gezek çempionlyk gazandy. 43 ýaşyndaky rowaýaty oýunçy 5-nji gezek hem iň gymmatly oýunçy diýlip saýlandy.Bredi iki ugurda-da öz rekordyny täzeledi.

Ol “Nýu Ingland Patriots” kluby bilen 20 ýylda Super Bowlda 6 çempionlyk gazanyp, 3 sapar hem ýeňlipdi. Şeýlelikde, Tom Bredi NFL-däki iň köp Super Bowl kubogyny gazanan klublardan hem köp çempionlyk gazanmagy başardy. “Nýu Ingland Patriots” bilen “Pittsburg Stilers” toparlary 6 gezek Super Bowlda çempionlyk gazanyp, öňde barýarlar. Ýöne Toni Brediniň 7 Super Bowl kubogy bar.

ABŞ-nyň iň uly sport çäresi bolan Super Bowl duşuşygyna pandemiýa sebäpli 24835 janköýer alyndy.

The post Klublardan köp çempionlyk gazandy appeared first on Zaman Türkmenistan.

Ýene degişli makalalar

20 ýyllyk topary bilen hoşlaşdy
50 ýyldan soň çempion boldy
Birinji orna geçdi
Olimpiýa oýunlary az adamly bolar
ÝB Rus Gazy Bolmazdan Ýaşamaga Taýýar
Türk Resmi Wekiliýeti Özbegistanda Saparda Bolýar