Kliniki ordinatura kabul etmegiň tertibi yglan edildi

Kliniki ordinatura kabul etmegiň tertibi yglan edildi

Türkmenistanyň Prezidentiniň 2008-nji ýylyň 14-nji ýanwaryndaky 9378 belgili Karary bilen tassyklanan Kliniki ordinatura hakynda Düzgünnama laýyklykda, kliniki ordinatura ýokary lukmançylyk bilimli, azyndan 3 ýyl iş tejribesi bolan, 35 ýaşy dolmadyk lukmanlar hem-de lukmançylyk ýokary okuw mekdepleriniň uçurymlary (iş ýerlerine ýollaýan iş toparynyň goýbermegi bilen) bäsleşik esasynda kabul edilýär. Bu barada Türkmenistan gazetinde habar berildi.

Kliniki ordinatura girmek hakynda kliniki ordinatorlary taýýarlamagy amala aşyrýan lukmançylyk ýokary okuw mekdebiniň rektorynyň ýa-da ylmy-kliniki merkeziň direktorynyň adyna arza şu resminamalary goşmak bilen berilýär:

— ýokary bilim hakynda diplomyň nusgasy we onuň goşundysy (ýokary bilimi daşary ýurtda alanlar degişli diplomynyň we onuň deň derejelidigini tassyklaýan Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan berlen ykrar şahadatnamasynyň nusgasyny); — işgärleri hasaba almak boýunça şahsy kagyz; — 086/h görnüşli lukmançylyk güwänamasy; — 4x6 sm ölçegdäki üç sany fotosurat; — zähmet depderçesiniň nusgasy.

Kliniki ordinatura girýän raýat ýokary okuw mekdebini tamamlandygy hakyndaky diplomy (daşary ýurtda bilim alan adamlar diplom we onuň deň derejelidigi hakynda ykrar şahadatnamasyny) we şahsyýetini tassyklaýan resminamanyň asyl nusgasyny getirip görkezýär. Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersiteti 2023-nji ýylda aşakdaky hünärler boýunça kliniki ordinatura kabul etmegi yglan edýär:

14.01.01 — Аkuşerçilik we ginekologiýa 3 ýer 14.01.02 — Endokrinologiýa 3 ýer 14.01.03 — Gulak, burun we bokurdak keselleri 4 ýer 14.01.04 — Iç keselleri 7 ýer 14.01.05 — Kardiologiýa 2 ýer 14.01.06 — Psihiatriýa 1 ýer 14.01.07 — Göz keselleri 3 ýer 14.01.08 — Pediatriýa 6 ýer 14.01.09 — Ýokanç keselleri 2 ýer 14.01.11 — Nerw keselleri 1 ýer 14.01.13 — Şöhle bilen anyklaýyş we bejeriş 2 ýer 14.01.14 — Stomatologiýa 3 ýer 14.01.15 — Trawmatologiýa we ortopediýa 2 ýer 14.01.16 — Ftiziatriýa 1 ýer 14.01.17 — Hirurgiýa 7 ýer 14.01.18 — Neýrohirurgiýa 2 ýer 14.01.19 — Çaga hirurgiýasy 3 ýer 14.01.20 — Anesteziologiýa we reanimatologiýa 6 ýer 14.01.23 — Urologiýa 2 ýer 14.02.02 — Epidemiologiýa (wirusologiýanyň we bakteriologiýanyň esaslary bilen) 4 ýer 14.03.02 — Patologiki anatomiýa 1 ýer 14.03.11 — Dikeldiş lukmançylygy, sport lukmançylygy, bejeriş bedenterbiýesi, kurortologiýa we fizioterapiýa 2 ýer

Kliniki ordinatura girmek üçin arzalar 2023-nji ýylyň aprel aýynyň 1 — 30-y aralygynda kabul edilýär. Salgysy: Aşgabat ş., A.Gowşudow köçesi, 58. Habarlaşmak üçin telefon belgileri: 92-67-90, 92-70-86

Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş ylmy-kliniki merkezi 2023-nji ýylda aşakdaky hünärler boýunça kliniki ordinatura kabul etmegi yglan edýär:

14.01.01 — Akuşerçilik we ginekologiýa 1 ýer 14.01.08 — Pediatriýa 1 ýer 14.01.20 — Anesteziologiýa we reanimatologiýa 2 ýer

Kliniki ordinatura girmek üçin arzalar 2023-nji ýylyň aprel aýynyň 1 — 30-y aralygynda kabul edilýär. Salgysy: Aşgabat ş., Görogly köçesi, 80. Habarlaşmak üçin telefon belgisi: 36-93-49.

Onkologiýa ylmy-kliniki merkezi 2023-nji ýylda aşakdaky hünärler boýunça kliniki ordinatura kabul etmegi yglan edýär:

14.01.12 — Onkologiýa 2 ýer Kliniki ordinatura girmek üçin arzalar 2023-nji ýylyň aprel aýynyň 1 — 30-y aralygynda Kabul edilýär. Salgysy: Aşgabat ş., Arçabil şaýoly, 22. Habarlaşmak üçin telefon belgisi: 48-98-07.

Kardiologiýa ylmy-kliniki merkezli hassahana 2023-nji ýylda aşakdaky hünärler boýunça kliniki ordinatura kabul etmegi yglan edýär:

14.01.05 — Kardiologiýa 1 ýer 14.01.26 — Ýürek-damar hirurgiýasy 1 ýer

Kliniki ordinatura girmek üçin arzalar 2023-nji ýylyň aprel aýynyň 1 — 30-y aralygynda kabul edilýär. Salgysy: Aşgabat ş., Atamyrat Nyýazow şaýoly, 192. Habarlaşmak üçin telefon belgisi: 36-92-05.

Ýene degişli makalalar

Olaf Şols dalaşgärlige hödürlendi
Forest Uitakere Kann kinofestiwalynyň hormatly “Altyn palma şahasy” gowşurylar
Türkmenistanda kliniki ordinatura kabul etmegiň tertibi yglan edildi
Ýaponiýada Kliniki Hassahanada Bolan Ýangynda 28 Adam Agyr Ýaralandy
Ýaponiýada Kliniki Hassahanada Bolan Ýangynda Ýogalanlaryň Sany 19 Adama Ýetdi
Britaniýa Omicron ştammyna garşy COVID-sanjymyny tassyklady