Klaudiýa Şeýnbaum Meksikanyň Prezident saýlawlarynda ýeňiş gazanandygyny yglan etdi

Klaudiýa Şeýnbaum Meksikanyň Prezident saýlawlarynda ýeňiş gazanandygyny yglan etdi

Meksikada häkimiýet başynda bolan Morena Milli dikeldiş hereketiniň lideri Klaudiýa Şeýnbaum özüniň ýurduň Prezidentiniň wezipesine saýlawlarda üstün çykandygyny yglan etdi diýip, Ren.tv habar berdi.

Bu barada saýlaw ştabynda tarapdarlarynyň hem-de žurnalistleriň öňünde çykyş eden Şeýnbaum özüni goldan millionlarça watandaşlaryna minnetdarlyk bildirdi.

Milli saýlaw institutynyň (INE) sesleri tiz sanamak ulgamynyň habaryna görä, Şeýnbaumy saýlawçylaryň 60,7 göteriminiň 58,3 göterimi goldap, ses berdi.

Saýlawlaryň resmi netijesi 5-8-nji iýun aralygynda geçjek ses sanalyşykdan soňra yglan ediler.

Klaudiýa Şeýnbaum ekolog-alym, ol öň Mehikonyň häkimi wezipesini eýeledi.

Ýene degişli makalalar

Zenan dalaşgärler üstünlik gazandy
Meksikanyň Prezidenti taryhda ilkinji gezek zenan bolup biler
5-nji gezek çempionlyk gazanan ilkinji ýygyndy
Meksikada Şeýnbaumyň Prezident saýlawlarynda ýeňiş gazanandygyny tassykladylar
Meksika Putini Tussag Etmez
Serdar Berdimuhamedow Meksikanyň täze saýlanan Prezidentini gutlady