Kiýewiň Şäher Häkimi Russiýany Etniki Arassaçylyk Etmekde Günäkärledi

Kiýewiň Şäher Häkimi Russiýany Etniki Arassaçylyk Etmekde Günäkärledi

Ukrainanyň paýtagty Kiýewiň şäher häkimi Witali Kliçko, ýurduna garşy söweş yglan edden Russiýany, ukrain halkyna garşy etniki arassaçylyk etmekde günäkärledi.

Witali Kliçko, paýtagt Kiýewde “Mariupol Gahrymanlary” ady dakyljak seýilgähe baryp gördi.

Şäher häkimi Kliçko, ozal bu seýilgähde, Moskwa bilen Kiýewiň arasyndaky dostlugynyň hormatyna uly heýkeliň bardygyny emma Russiýanyň Ukraina garşy hüjüme başlandygyny ýatlatdy.

Rus goşunynyň ukrain halkyna garşy gyrgynçylyk edýändigini aýdan Kliçko, “ “Russiýa bize hüjüm edýär we ukrain halkyna garşy etniki arassaçylyk edýär. Ukrain halkyny we Ukrainanyň şäherlerini ýok edýärkä dostluk hakynda gürrüň edip bilmeris” diýdi.

Ýene degişli makalalar

Kiýewe Rus Goşuny Tarapyndan Howa Hüjümi Guraldy
Russiýanyň Ukraina garşy hüjümleri dowam edýär
Kiýewde 32 Sagat Köçä Çykmak Gadagan Edildi
Kiýewden Partlama Sesleri Eşidildi
Taryhyň iň baý boksçylarynyň atlary mälim edildi
Kiýew şäheri 1-nji noýabrdan gyzyl karantin zolagynda bellige alnar