Kiýewden Partlama Sesleri Eşidildi

Kiýewden Partlama Sesleri Eşidildi

Ukrainanyň paýtagty Kiýewiň şäher häkimi Witaliý Kliçko, şäherde şu gün ir ertir 10 sany uçarmansyz howa ulagynyň urlup düşürlendigini mälim etdi.

Kliçko, Telegramdan beren habarnamasynda “ Howa goranyş güýçleri paýtagt Kiýewde jemi 10 sany Shahed kysymly uçarmansyz howa ulagyny urup düşürdi” diýdi.

Kliçko, ertiriň irki sagatlarynda beren beýannamasynda, paýtagtyň Şewçenskiý etrapçasyndan partlama sesleriniň eşidilendigini mälim edipdi.

Kiýewden ýerli wagt bilen 06.30 töweregi partlama sesleri eşidilipdi.

Ýene degişli makalalar

Kiýewe Rus Goşuny Tarapyndan Howa Hüjümi Guraldy
Russiýanyň Ukraina garşy hüjümleri dowam edýär
Russiýa Ukrainanyň paýtagty Kiýew şäherine raketalar bilen hüjüm gurady
Ukraina Güne Partlamalar Bilen Oýandy
Russiýanyň Ukraina garşy guraýan hüjümleri dowam edýär
Ukrainanyň paýtagty Kiýewde raketaly hüjümler guraldy
Russiýanyň Ukraina garşy guraýan hüjümleri dowam edýär