Kiýewde Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy mynasybetli çapdan çykan täze kitabyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi

Kiýewde Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy mynasybetli çapdan çykan täze kitabyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi

2024-nji ýylyň 22-nji maýynda Kiýew şäherindäki Çagalar Milli kitaphanasynyň binasynda Türkmenistanyň Ukrainadaky Ilçihanasy bilen Milli kitaphananyň bilelikde guramaklarynda “Magtymguly Pyragy.Ylham” atly terjimeleriň doly ýygyndysynyň okyjylar üçin resmi tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi.

Bu çärä Ukrainada akkreditirlenen daşary ýurt ilçihanalarynyň ilçileri we diplomatik işgärleri, şahyrlar, ýazyjylar, terjimeçiler we edebiýatçylar, Ukrainanyň Söwda-senagat palatasynyň, Kiýew şäheriniň etrap häkimlikleriniň wekilleri, ýokary okuw jaýlarynyň, şol sanda türkişynaslar, Ukrainanyň dürli şäherlerinden kitaphanalaryň ýolbaşçylary, Türkmenistanda işleýän kompaniýalaryň wekilleri, türkmen ýaşlary we talyplar gatnaşdylar, diýip türkmen ilçihanasynyň metbugat gullugy "Turkmenportala" habar berdi.

Däp bolşy ýaly, kitabyň tanyşdyrylyş dabarsy press-konferensiýa bilen başlady. Bu çärä ony gurnaýjylar, kitabyň nesir işinde gatnaşyjylar, awtorlar, alymlar we mugallymlar, şeýle hem Ukrainanyň dürli künjeklerindäki kitaphanalaryň ýolbaşçylary we olaryň käbirleriniň wideo aragatnaşyk arkaly gatnaşyp, olaryň çykyşlary diňlenildi.

Çäräniň esasy bölegi Çagalar Milli kitaphanasynyň mejlisler zalynda geçirildi. Bu ýerde Türkmenistanyň Ukrainadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Toýly Ataýewiň we Ukrainanyň Çagalar Milli kitaphanasynyň müdiri Alla Gordiýenkonyň çykyşlary diňlenildi.

Türkmenistanyň Ilçisi kitabyň awtory Magtymgulynyň ömrüni we döredijiligini öwreniji, professor Nikolaý Waskiw, Magtymgulynyň goşgularynyň häzirki zaman terjimeçileri P.Mowçan we A.Kononenko, kitabyň neşirçisi W.Zelenskiý dagylara "Pähim paýhas ummany Magtymguly Pyragy" ýubileý ýylynda doly goşgular ýygyndysyny neşir etmekde bitiren hyzmatlary üçin tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirdi.

Kitap barada aýdylanda, awtoryň şahyryň we onuň döredijiliginiň türkmen halkynyň taryhy, jemgyýetçilik-syýasy we medeni durmuşyndaky orny, ruhy we ahlak gymmatlyklar, ýaş nesil üçin ahlaklylygyň, watançylygyň, gaýduwsyzlygyň we adalatlylygyň mynasyp nusgasyna öwrülen, halkymyzyň milliligine düşünmegine we güýçlenmegine täsir etmegini dowam etdirýändigi barada bellenildi.

Soňra, Türkmenistanyň Ilçisi dabaraly ýagdaýda şahyryň 300 ýyllygy mynasybetli täze neşiriň nusgalaryny Ukrainanyň kitaphanalarynyň fondlaryna gowşurdy

Ukrainanyň Çagalar Milli kitaphanasynyň müdiri Alla Gordiýenko öz çykyşynda Magtymguly Pyragynyň beýikdigine we häzirki zaman jemgyýetiniň ruhy binýadyna öwrülen pikirleriniň we pelsepewi garaýyşlarynyň häzirki günlerde hem zerurdygyny belledi. A.Gordiýenko türkmen şahyrynyň eserlerini kitaphanalarda ýaýbaňlandyrmagyň, onuň edebi mirasyndan ylham almagyň möhümdigini aýdyp, çagalaryň we ulularyň hoşniýetlilik we paýhas bilen täze kitap okamagy maslahat berdi.

Mundan soňra, Türkmenistanyň Ilçisi we Milli kitaphananyň müdiri Magtymgulynyň “Türkmeniň” atly goşgusyny türkmen we ukrain dillerinde labyzly okadylar.

Diplomatlar, medeni we bilim işgärleri we çärä gatnaşyjylaryň ählisi “Magtymguly Pyragy. Ylham” atly täze neşiriniň XVIII asyryň görnükli türkmen şahyrynyň döredijiligine has gowy düşünmäge we baha bermäge mümkinçilik berjekdigi we Magtymgulynyň sözüniň Ukrainada ýaýradylmagyna goşant goşjakdygy barada biragyzdan bellediler.

Ýene degişli makalalar

Ukrainada Magtymguly Pyragynyň goşgular ýygyndysynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi
Kiýewde Ukrainanyň “Bilim” jemgyýetiniň wekilleri bilen duşuşyk geçirildi
Rus Goşunynyň Guran Soňky Hüjüminde 4 Adam Ýogaldy
Ukraina Russiýa Bilen Söweşde Iň Agyr Gyşyny Başdan Geçirip Biler
DAŞARY ÝURT RAÝATLARYNY TÜRKMENISTANYŇ MAGTYMGULY PYRAGYNYŇ 300 ÝYLLYGYNA ATLY ÝUBILEÝ MEDALY BILEN SYLAGLAMAK HAKYNDA TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ PERMANY
Rus Goşuny Ukraina Guraýan Hüjümlerini Dowam Etdirýär