Kitçiniň Atletiko Madrid bilen geçiren duşuşygynda Ruslan Mingazow 100 göterimlik netije görkezdi

Kitçiniň Atletiko Madrid bilen geçiren duşuşygynda Ruslan Mingazow 100 göterimlik netije görkezdi

Türkmenistanly ýarymgoragçy Ruslan Mingazow düýn Gonkongyň Kitçisiniň esasy düzüminde Ispaniýanyň Atletiko Madrid topary bilen geçirilen ýoldaşlyk duşuşygyna gatnaşdy. Duşuşyk Madrid şäheriniň toparynyň 6:1 hasabyndaky ýeňşi bilen tamamlandy.

Duşuşykda Mingazow esasy düzümde meýdana çykdy we 80 minutlap oýunda galdy. Soafscore tarapyndan oýnuna 6,7 ball berlen türkmenistanly ýarymgoragçy duşuşygyň iň gowy oýunçylarynyň arasynda dördünji orny eýeledi. Duşuşykda iň gowy oýunça 7,2 ball berdildi. Ol duşuşykda Kitçiniň geçiren ýeke-täk golunyň awtory bolan özbegistanly hüjümçi Şerzod Temirowdyr.

33 ýaşly Mingazow duşuşykda 15 pas berdi. Olaryň ählisi netijeli bolup, oýunçy 100 göterimlik netije görkezdi.

Ýene degişli makalalar

8-nji awgustda Türkmenistanyň esasy habarlarynyň daýjesti
23-nji maýda Türkmenistanyň esasy habarlarynyň daýjesti
Mingazow milli ýygyndynyň martda geçirjek DÇ-2026 saýlama duşuşyklaryna gatnaşyp bilmez
20-nji martda Türkmenistanyň esasy habarlary Turkmenportal
15-nji martda Türkmenistanyň esasy habarlary Turkmenportal15-nji martda Türkmenistanyň esasy habarlary Turkmenportal
12-nji martda Türkmenistanyň esasy habarlary Turkmenportal