KITAPHANALARYŇ, YLMY WE USULYÝET ÇÄRELERINIŇ DÖWREBAP ÝOLA GOÝULMAGYNYŇ HEM-DE KÄMILLEŞDIRMEGIŇ ILERI TUTULÝAN UGURLARY

KITAPHANALARYŇ, YLMY WE USULYÝET ÇÄRELERINIŇ DÖWREBAP ÝOLA GOÝULMAGYNYŇ HEM-DE KÄMILLEŞDIRMEGIŇ ILERI TUTULÝAN UGURLARY

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň işgärleriniň gatnaşmagynda Medeniýet hepdeliginiň bellenilýän günlerinde Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasynda Kitaphanalaryň, ylmy we usulyýet çäreleriniň döwrebap ýola goýulmagynyň hem-de kämilleşdirmegiň ileri tutulýan ugurlary atly ýurdumyzyň kitaphanaçylarynyň gatnaşmagynda maslahat hem-de neşir önümleriniň sergisi geçirildi. Geçirilen maslahata Döwlet kitaphananyň işgärleri hem işjeň gatnaşyp, öz ýürek buýsançlary bilen çykyş etdiler.

Geçirilen çäräniň dowamynda Medeniýet ministrligi tarapyndan çapa taýýarlanan Türkmen döwlet neşirýat gullugy tarapyndan çap edilen Türkmen keçesi atly kitabyň çykmagy bilen hem kitaphanaçylar birek-biregi gutladylar.

Maslahatyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar bize ajaýyp durmuşy bagyş eden Milli Lidermiz Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, il-gün bähbitli beýik işleriniň, täze başlangyçlarynyň rowaç bolmagyny tüýs ýürekden arzuw etdiler.

Ýene degişli makalalar

KITAPHANALARYŇ YLMY WE USULYÝET ÇÄRELERINI DÖWREBAP ÝOLA GOÝMAGYŇ HEM-DE KÄMILLEŞDIRILMEGIŇ ILERI TUTULÝAN UGURLARY
KITAPHANALARYŇ YLMY WE USULYÝET ÇÄRELERINI DÖWREBAP ÝOLA GOÝMAGYŇ HEM-DE KÄMILLEŞDIRMEGIŇ ILERI TUTULÝAN UGURLARY
HALK MASLAHATY-JEBISLIGIÑ WE AGZYBIRLIGIŇ NYŞANY
Dalaşgärleriň dykgatyna!
TÜRKMEN EDEBIÝATYNYŇ NUSGAWY WEKILLERINIŇ DÖREDIJILIGINDEN
KITAPHANA SYN