Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Neşirleri toplaýyş bölüminde kitaphana täze gelen neşirlere bagyşlap kitaphana syny geçirildi.
Kitaphana synynda Arkadag hem Pyragyköňüller şamçyragy atly kitaby barada kitaphana syny geçirildi. Bu kitapda dünýä medeniýetiniň baýlaşmagynda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Gündogaryň akyldary, dünýä edebiýatynyň beýik söz ussady Magtymguly Pyragynyň döredijiligi hakynda söhbet edildi.
Şeýle-de ýaňy-ýakynda neşir edilen Gurbanjemal Ylýasowanyň awtorlyk we redaktorlyk eden XX asyrda Magtymguly Pyragynyň döredijiliginiň öwrenilişi (Akademik Baýmuhammet Garryýewiň ylmy mirasynyň mysalynda) we Görnükli Magtymgulyşynas (Akademik Baýmuhammet Atalyýewiç Garryýewiň doglan gününiň 110 ýyllygyna bagyşlanylýar) atly kitaplary bilen tanyşdyryldy.
Bu kitaplarda alym Gurbanjemal Ylýasowanyň uzak ýyllaryň dowamynda türkmen edebiýatyny öwrenmekde ýerine ýetiren işleriniň miwesi öz beýanyny tapdy diýip kitaphana synynda çykyş edenler belläp geçdiler.