KITAP SYNY

KITAP SYNY

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Neşirleri toplaýyş bölümine we kitaphana täze gelen neşirlere bagyşlap kitaphana syny geçirildi.

Kitaphana synynda kitaphanaçylar Magtymguly, sözle bu şirin dilde (Ylmy makalalar ýygyndysy) we Bütindünýä ylmynyň ösüşinde Abu Reýhan Birunynyň ylmy mirasynyň orny (Ylmy makalalar ýygyndysy) we Magtymguly Pyragytürkmen halkynyň paýhasly dünýäsi (Ylmy makalalar ýygyndysy) atly kitaplar bilen tanyş boldular.

Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy ýylynda, bu kitaplar beýik danalaryň edebi mirasyna içgin aralaşmakda, çuňňur öwrenmekde taýsyz gollanma bolup hyzmat etjekdigine berk ynanýarys.Bu güntoýlary toýa ulaşýan Watanymyzda Abu Reýhan Biruny, Magtymguly Pyragy ýaly sarpalary belent tutulýan beýik danalara goýulýan hormat-sylag bütindünýä derejesinde arşa galdy.

Halkymyzyň beýik danalarynyň mirasyna bagyşlanan çykyşlary guramakda, olar hakynda ylmy makalalary ýazmakda we ony halka ýetirmekde, şeýle-de ýaş nesle döwrebap ylym-bilim bermekde, hünär öwretmekde uly mümkinçilikleri döredýän Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny arzuw edýäris!

Ýene degişli makalalar

Köneürgenç Merkezi Aziýanyň derwezesi
Türkmenistanyň Prezidenti watandaşlaryny Milli bahar baýramy — Halkara Nowruz güni bilen gutlady
GARAŞSYZ, HEMIŞELIK BITARAP TÜRKMENISTANYŇ ÄHLI HALKYNA
Atatürki Hatyralama, Ýaşlar we Sport Baýramy Nýu-Ýorkda Bellenilip Geçildi
Atgulak dermanlyk ösümlik
Türkmen gimnastikaçylary halkara ýaryşda 29 medala eýe boldular