Elektron kitaplaryň peýda bolmagy bilen adaty kitaplara gyzyklanmanyň azaljakdygy, hatda geljekde olaryň dolulygyna aradan aýryljakdygy barada pikirler orta atylypdy.Emma wagtyň geçmegi bilen adamlaryň çap edilen hakyky kitaplara bolan islegleriniň has agdyklyk edýänligi anyklanyldy.
Sebäbi elektron kitaplardan peýdalanmak aňsat ýaly görünse-de, okalan ýeri ýa nirede galandygyňy bilmek üçin sahypalaryň arasynda kagyz (bellik) goýup bolmaýar ýa-da kitabyň näçeräk ýerini okandygyňy çen bilen bilmek üçin okalan sahypalaryň galyňlygyny görüp bolmaýar. Şeýle hem, gaýtadan okamak üçin islän ýeriňi tapmak o diýen aňsat däl.
Ony dostuňa wagtlaýyn okamagy üçin ýa-da sowgat hökmünde berip bolmaýar.Bulardan başga-da, elektron kitaplar bilen iş otagyny ýa-da tekjeleri bezäp bolmaýar. Şu sebäplerden, soňky bir ýylyň dowamynda elektron kitaplaryň satuwy 17 göterim pese gaçyp, çap edilen kitaplaryň satuwy 8 göterim artdy.
On ýyl töweregi ozal ilkinji “Kindle” satuwa çykanynda elektron kitaplar uly gyzyklanma döredipdi. Şapbat ýaly enjama ýüzlerçe kitap sygdyrmak kitaphonlary begendiripdi.Emma on ýylyň dowamynda “Kindle” enjamlary o diýen üýtgemedi.
Bilermenler ilki-ilkiler ýoň bolan elektron kitaplara gyzyklanmanyň azalýandygyny aýdýarlar.Tehnologiýa degişli ähli zat günsaýyn üýtgäp duransoň, adamlar elektron kitaplardan has köp zada garaşdylar.Emma bu beýle bolmady.
Gözüňe yssy görünýärIň esasy zat kitaplar gözüňe has yssy görünýär. Şeýle hem elektron kitaplaryň ählisi elýeterli däl.Elýeterli bolaýanda-da, bahasy adaty kitapdan o diýen tapawutly däl.
Bilermenler sosial saýtlarda owadan sahaply, gülleriň ýa-da beýleki sowgatlyklaryň ýanyna goýlan kitaplaryň okyjylaryň ünsüni özüne çekýändigini belleýärler.Adamlaryň köpüsi kitabyň jildiniň owadanlygyna seredip, ony satyn alýar.
Çagalar elektron kitabyhalamaýarKiçi ýaşly çagalarda okamaga höwes döretmek onuň ruhy kämilligi üçin zerurdyr. Şol sebäpli körpelere niýetlenen kitap örän köp.Birmeňzeş reňkli (adatça gara ýa-da ak) elektron kitaplar ýaş okyjylary özüne çekmeýär.
Sebäbi çaga dünýäsi düýbünden başgaça.Olar kitabyň sahypalaryny, suratlaryny elläp, ony ýakyndan synlamak isleýär.Elektron kitaplarda bolsa, bu ýagdaý mümkin däl.Bu aýdylanlar kitabyň bir görnüşiniň beýlekisine zyýan ýetirýändigini hem aňlatmaýar.
Sebäbi elektron kitap okaýan adam, ýygy-ýygydan adaty kitaplary hem satyn alýar.Uzak ýola syýahata gideninde ýanyna elektron kitap alýan adam, öýünde dynç alýan wagty tekjedäki kitabyny okanyny kem görenok. Ýagny isle elektron bolsun, isle çap edilen tapawudy ýok, olaryň ikisi hem adamlaryň okamaga höwesini artdyrýar.
Bilermenler elektron kitaplaryň möwritiniň tamamlanmandygyny, emma ilki çykan wagtyndaky ýaly gyzyklanma döretmeýändigini aýdýarlar.