5-6-njy noýabr aralygynda paýtagtymyz AşgabatdakySöwda-senagat edarasynyň sergiler merkezinde “Kitap-hyzmatdaşlygyň we ösüşiň ýoly” atly neşir önümleriniň XIII halkara kitap sergi-ýarmarkasy we onuň çäklerinde ylmy maslahaty geçirildi. Ýöriteleşdirilen forum geçirilýän ýyllarynda milli we dünýäniň kitap neşir etmek hem-de çaphana sungatynyň gazananlaryny görkezmek üçin netijeli çärä öwrüldi.
Bu halkara forumyna ýurdumyzyň hem-de dünýäniň ençeme ýurdundan metbugat öýleriniň we neşirýat kärhanalarynyň, işewür hem-de edebi toparlaryň, ylym we bilim merkezleriniň wekilleri, belli ýazyjylar, alymlar, terjimeçiler, kitaphana işi, IT-tehnologiýalar boýunça hünärmenler gatnaşdylar. Şeýle hem bu sergä “Zaman-Türkmenistan” hojalyk jemgyýetiniň “Zaman-Türkmenistan” gazeti hem gatnaşyp, sergä gelen myhmanlara hormatly Prezidentimiziň alyp barýan parasatly içeri we daşary syýasatyny hem-de Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ähli ugurlarda gazanylýan üstünlikleri giňden beýan edýän gazetimiz barada giňişleýin maglumat berildi.Sergi-ýarmarkanyň açylyş dabarasyna hökümet agzalary, Mejlisiň, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň, Türkmenistanda işleýän diplomatik wekilhanalaryň ýolbaşçylary, ylym hem-de medeniýet işgärleri, neşirýat gullugynyň hünärmenleri, ýokary okuw mekdepleriniň we habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.
Bu ýere ýygnananlar hormatly Prezidentimiziň halkara foruma gatnaşyjylara iberen Gutlagyny uly üns bilen diňlediler.Onda “Türkmenistanyň ýetýän belent sepgitlerini we gazanýan üstünliklerini, mähriban halkymyzyň durmuşynda amala aşyrylýan özgertmeleriň özenini, many-mazmunyny, ähmiýetini açyp görkezmekde, wagyz etmekde we dünýä ýaýmakda, halkara derejede iň täze gazanylanlaryň halkymyza ýetirilmeginde döwürleýin metbugata, neşirýat-çaphana ulgamyna möhüm orun degişlidir” diýlip bellenilip geçilýär.Sergi-ýarmarkanyň açylyş dabarasy döredijilik toparlarynyň dürli öwüşginli çykyşlary bilen utgaşdy. Şu ýyl foruma dünýäniň 16 döwletinden, ýagny, Awstriýa, Azerbaýjan, Belarus, Eýran, Gazagystan, Hytaý, Gyrgyz Respublikasy, Koreýa Respublikasy, Moldowa, Pakistan, Polşa, Russiýa, Amerikanyň Birleşen Ştatlary, Türkiýe, Ukraina, Fransiýa döwletlerinden wekiller bar.
Sergi-ýarmarkada iri daşary ýurt okuw mekdepleriniňMoskwanyň politehniki uniwersitetiniň, Maşadyň Ferdöwsi uniwersitetiniň, Pekin döwlet uniwersitetiniň, Kiýewiň Boris Grinçenko adyndaky uniwersitetiniň, Stambul uniwersitetiniň diwarlyklary ýerleşdirildi.Biziň ýurdumyzdan bu sergä edara-kärhanalaryň 58-siniň, ýokary okuw mekdepleriň hem-de ylmy institutlaryň, kitaphanalaryň we muzeýleriň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri bar.
Iri döwlet kärhanalary, şeýle hem hususy çaphanalar ýurdumyzyň neşirýat senagatynyň mümkinçilikleri bilen tanyşdyryp, dürli neşir önümleriniň giň toplumyny görkezdiler.Sergide hormatly Prezidentimiziň işlerine aýratyn orun berildi.Milli Liderimiziň her bir eseri häzirki zaman Türkmenistan bilen tanyşmagyň özboluşly açary hem-de milli medeniýetiň we däp-dessurlaryň baý dünýäsine ýolgörkeziji bolup durýar. Şeýle hem bu ýerde 2019-njy ýylda dünýäniň dürli dillerinde çap edilen täze eserler “Türkmen alabaýy”, “Atda wepa-da bar, sapa-da”, “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri”, şeýle hem “Türkmen halk ertekileri” hem-de beýleki täze neşirler bar. Şeýle gymmatly eserler bilen tanyşlyk geçmek serginiň esasy işleriniň biri boldy.Serginiň çäklerinde Türkmen döwlet neşirýat gullugynyň “metbugat.gov.tm” internet saýtynyň tanyşdyryş dabarasy guraldy. 6-njy noýabrda “Kitap hyzmatdaşlygyň we ösüşiň ýoly” atly neşir önümleriniň XIII halkara kitap sergi-ýarmarkasynyň hem-de ylmy-maslahatyň ýapylyş dabarasynda sergä gatnaşyjylara dürli ugurlar boýunça bäsleşikleriň ýeňijilerine diplomlar gowşuryldy.