Kitap okamagyň uly ähmiýeti bar.Okamak adamyň ruhy iýmitidir.Okaýan adam bilimli, ruhubelent hem-de sabyrly bolýar.Okamak dynç almak, bilimiňi artdyrmak, zähmet çekýän ugruňy kämilleşdirmekdir.
Kitap okamak saglyk, uzak ýaşamak üçinem peýdalydyr.Beýniniň işjeňligini ýokarlandyrýar.Tukatlygy aýyrýar.Her bir işe yhlasly çemeleşmegi ündeýär, ýaramaz endiklerden goraýar.Wagtyňy peýdaly geçirmäge kömek edýär, bikärlikden daşda saklaýar.Adamyň söz baýlygy giň, dili çeper bolýar.Adamyň akyly goýalýar, zehini joşýar, pikiri durlanýar.Kitap okaýan adam bilimdar bolup, ýatkeşligi ýitileşýär.Alymlaryň, bilimdarlaryň tejribelerini, ylymlary öwrenip bolýar.Islendik kynçylykdan baş alyp çykmaga kömek edýär.Sussupesligi azaltmaga, özüňi rahat duýmaga ýardam berýär.