Kitap-Market dükanynda kitaplara we oýunjaklara 20%-e çenli arzanladyş dowam edýär

Kitap-Market dükanynda kitaplara we oýunjaklara 20%-e çenli arzanladyş dowam edýär

Kitaplar dünýäsinden öz islegiňe, gyzyklanmaňa laýyk hem-de arzuwyňdaky kitaby tapmaga, şeýle-de neşir önümleriniň dürli görnüşlerini almak babatda Aşgabat şäherinde ýerleşýän Kitap-Market dükany giňden ýardam berer.

Dükanyň tekjelerinde ofis we mekdepde ulanmak üçin dürli görnüşdäki kanselýariýa harytlary, nakgaşlar üçin harytlar alyjylara ýetirilýär. Şol sanda bu ýerden žurnallary, krosswordlary, oýunlary we hakyky oýunjaklary tapmak bolýar.

Esasy ýeri-de, dükanda nusgawy we häzirki zaman edebiýatynyň ajaýyp eserleriniň gaýtadan neşir edilen ýa-da sowgatlyk nusgalarynyň giň görnüşleri bar. Bu ýerdäki kitaplary okamak bilen özüňi kämilleşdirmek, durmuşy hyjuwlandyrma, işewürlik we psihologiýa aýratynlykly eserlere akyl ýetirmek bolýar. Şeýle-de dükandan okuw kitaplaryny, ensiklopediýalary, sözlükleri, gollanma kitaplaryny we okuwçylardyr talyplar üçin zerur bolan beýleki kitaplary satyn almak bolýar.

Dükandan söwda etmekde özüňizi gyzyklandyrýan harytlary we garyndaşlaryňyz ýa-da dostlaryňyz üçin özboluşly sowgatlary öýde oturan ýeriňizden sargyt edip alyp bilersiňiz. Kitap-Market Aşgabat şäheriniň çägine we ýurduň ähli sebitlerine harytlary eltip berme hyzmatyny ýerine ýetirýär.

Hut edil häzirki wagtda — baýramçylyk seneleriniň ýakynlap gelýän wagty Kitap-Market dükanynda kitaplar, ýadygärlik oýunjaklar, güýmenje we döredijilik harytlary 10%, 15% hem-de 20% arzan bahalardan alyjylara ýetirilýär.

Kitap-Market dükanynyň önümleri barada has giňişleýin öwrenmek hem-de arzanladyş almak üçin dükanyň şu salgysyna baryp bilersiňiz:

Gülüstan söwda merkezi (Rus bazary), Azady köçesi (ozalky Engels), 18-nji dükan (duralga tarapdaky 1-nji gat).

Ýene degişli makalalar

Bahtiýar Wahabzade
Eýran Türkmenistan bilen gaz hyzmatdaşlygyny 15 milliard kub metre ýetirmegi meýilleşdirýär
Daşoguz Demirbetonönümleri kärhanasy täze önümçiligi ýola goýdy
Türkmenistanda käbir dolandyryş-çäk birlikleriniň ady üýtgedildi
Türkmenistanda welaýatlar boýunça teklip edilýän dolandyryş-çäk özgertmeleri
Türkmenistanda haýsy obalara şäherçe derejesi berler?