KITAP HEPDELIK

KITAP HEPDELIK

Türkmenistanyň Bazar Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy tomusky dynç alyş möwsüminiň dowam edýän günlerinde Nebitçi sagaldyş we dynç alyş merkezinde kitap hepdeligini gurnady.Kitap hepdeliginiň çäklerinde bu dynç alyş merkezinde çagalar edebiýatyna degişli neşirleriň dürli görnüşleri esasynda gurnalan göçme kitap sergisi kitap söýüji çagalarda uly täsir galdyrdy. Şeýle-de türkmen halk ertekileriniň gahrymanlaryny tanamak, tapmaçalaryň, matallaryň dogry jogabyny bilmek esasynda hem özara bäsleşdiler.

Akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň terbiýeçilik ähmiýetli goşgularyny uly höwes bilen labyzly aýdyp berdiler.Kitaplar barada özlerini gyzyklandyrýan soraglar esasynda kitaphanaçylar bilen sowal-jogap alyşdylar.

Kitap hepdeligine gatnaşanlar ýaş nesillere kitaby söýdürmek we olaryň kitap bilen ýakyndan dostlaşmagyny gazanmak babatda döredip berýän giň mümkinçilikleri üçin Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini beýan etdiler.

Ýene degişli makalalar

Gurbanguly Berdimuhamedowyň Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti bilen telefon arkaly söhbetdeşligi boldy
Türkmen halkynyň Milli Lideriniň Aşgabatda gazak şahyry Abaý Kunanbaýewiň heýkeliniň açylyş dabarasyndaky çykyşy
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Döwürleriň we siwilizasiýalaryň özara arabaglanyşygy — parahatçylygyň we ösüşiň binýady atly halkara forumdaky çykyşy
Türkmenistanyň Prezidentiniň Aşgabatda geçirilen halkara forumdaky çykyşy
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI SERDAR BERDIMUHAMEDOWYŇ DÖWÜRLERIŇ WE SIWILIZASIÝALARYŇ ÖZARA ARABAGLANYŞYGY PARAHATÇYLYGYŇ WE ÖSÜŞIŇ BINÝADY ATLY HALKARA FORUMYNDAKY ÇYKYŞY
“Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly ylmy-ensiklopedik kitabyň nobatdaky jildiniň tanyşdyrylyş dabarasy