Kitap gymmatly hazyna

Adam üçin öwrenmegiň iň ygtybarly usuly okamakdyr. Ýaşamak üçin köp zady öwrenmeli, ýöne üstünlige ýetmek üçin bolsa kitap okamalydyr.Kitap okamak arkaly adamlar bilimlerini we medeniýetini ösdürmäge uly mümkinçilik alýarlar.

Kitaplar adamlara uly täsir edýär we okalýan her täze kitap adamlara gözýetimini giňeltmäge, umumy medeniýetiň derejesini ýokarlandyrmaga hem-de adamlar bilen sagdyn aragatnaşyk saklamaga kömek edýär.Okamak, öwrenmek adamyň gymmatlygyna gymmatlyk goşýar.

Okamak Iňňe bilen guýy gazan ýaly bolup, sabyrly bolmagy, ähli babatda dogry netije çykarmagy öwredýär.Ata-babalarymyzyň belläp geçişi ýaly, Peýdaly bolan bilim adamyň ýitiren malydyr.Ol nirede bolsa-da, tapyp alsyn diýipdirler.

Okaýan adamyň dünýägaraýşy-da giň bolýar. Şahyr Ýunus Emräniň:

Ylym-ylmy bilmekdir

Ylym kendiň bilmekdir

Sen kendiňi bilmeseň

Bu niçik okamakdyr diýip belleýşi ýaly, ylym tükeniksiz bir ummandyr.Taryhy geçmişimizden bilşimiz ýaly, türkmen halky kitaba uly sarpa goýup, ony durmuşyň bezegi, ýaşaýşyň manysy hasaplapdyr.

XV asyrda ýaşap geçen edebiýatyň görnükli wekilleriniň biri Ahmet Wepaýy Rownak yl-yslam eserinni bir baý çarwa aýalyň haýyşy boýunça ýazypdyr.Kitap ýazylyp gutarylandan soň, ol aýal Wepaýa kyrk sany köşekli düýe peşgeş beripdir.

Türkmen halkynyň arasynda sowatly, kitaphon danalar we akyldarlar kän bolupdyr.Olar halk arasynda aýlanyp, kitaplary köpçülige okap beripdirler, adamlaryň wagtyny peýdaly guramaklyga ýardam beripdirler. Şeýle hem, çarwa adamlaryň arasynda-da, özi okap bilmese-de, kitaby söýýän kitaphon adamlar bolupdyr.

Muňa türkmen ýazyjysy Nurmyrat Saryhanowyň Kitap hekaýasynyň gahrymany Welmyrat aganyň obrazy arkaly hem aýdyň göz ýetirmek bolýar.Kitap okap bilmeýän Welmyrat aga bir üýşmeleňde beýik türkmen akyldary Magtymguly Pragynyň şygyrlaryny diňläp, kitabyň eýesine ýalbaryp, işigindäki guba düýesi bilen şol ajaýyp kitaby çalyşýar.

Emma kitaby okap, halka hezil beren sowatly adam gaýdansoň, kitaby okap bilýän adamyň bu obada ýokdugy Welmyrat aganyň ýadyna düşýär.Emma Welmyrat aga gynanmaýar, çagalarynyň ýetişip, sowatly bolup, kitaby okap berjekdigine ynanýar.

Okap bilmese-de, ol kitaby gymmatly baýlyk, hazyna hökmünde aýawly saklaýar. Çünki ýaşuly durmuşyň, ýaşaýşyň manysyny şol kitapda görýär.Ol entek şeýle manyly, pelsepewi şygyrlary diňläp görmän eken.

Birnäçe ýyllardan soň, Welmyrat aganyň guba düýe berip alan kitabynyň nusgasy göçürilip alnyp, köpçülikleýin neşir edilýär.

Häzirki döwürde Magtymguly Pyragynyň şygyrlary dürli dillerde terjime edilip, dünýä halklary tarapyndan hem söýlüp okalýar.Magtymguly Pyragynyň döredijiliginden durmuşdaky dürli meseleleriň jogabyny tapmak bolýar.Magtymguly türkmen şahyrlarynyň halypasydyr.

Ol Zeliliniň, serkerde şahyr Seýdiniň, Keminäniň, Mollanepesiň döredijiligine uly täsir edipdir. 1842-nji ýylda polýak ýazyjysy Aleksandr Hondzko-Boreýko türkmeniň beýik şahyry Magtymguly Pyragynyň üç goşgusyny we şahyryň durmuşy baradaky kiçiräk bir hekaýany Londonda iňlis dilinde terjime edýär.

Aň-bilimiňi ösdürmek okamakdan başlanýar. Kitap okamak bilen adamlar başga ýurtlara, döwürlere, başga bir dünýä syýahat edip, şol ýerleriň däp-dessurlaryna, medeniýetine, şol döwürde ýaşap geçen adamlaryň pikirine, dünýägaraýşyna göz ýetirýärler. Umuman aýdylanda, kitap adamyň iň ýakyn dostudyr.

Maksut Taňryýew,

Türkmenabat agrosenagat orta hünär okuw mekdebiniň talyby

Ýene degişli makalalar

BEÝIK MAGTYMGULYNYŇ ÝADYGÄRLIGI BELENTDEN SELEŇLÄP GÖRÜNÝÄR
BEÝIK AKYLDARLARYŇ PAÝHAS UMMANYNA BAGYŞLANAN TÄZE KITAP
Bedewiň ýagşysy ýaryşa bolar
Gurbanguly Berdimuhamedow Özbegistana sapar bilen barar
Reňkleri dillendiren ussat
Maryda welosipedli ýörişiň maddy çykdajylary ýene býujetçileriň “gerdenine ýüklendi”