Kitap biziň dostumyz

Kitap biziň dostumyz

Türkmenistanyň Bazar Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy ýaňy-ýakynda geçirilen Türkmenistanyň Döwlet Medeniýet merkeziniň Sergi binasynda Sarpasyndan Arkadagly Serdaryň, şany dünýä dolýar Magtymgulynyň atly maslahat geçirildi. Çagalar kitaphanamyzyň agzybir hünärmenleri hem Sergi binasynda öz ýaşajyk okyjylary üçin Kitap biziň dostumyz atly kitap sergisini gurnady.

Sergide çagalar edebiýatyna degişli neşirleriň dürli görnüşleri, şeýle-de erteki gahrymanlaryny janlandyrmak üçin niýetlenen gurjaklar ýerleşdirildi.Türkmen Döwlet Gurjak teatrynyň artistleri hem gysgajyk sahnalaryň üsti bilen çagalara kitap okamagyň, kitap bilen dost bolmagyň ähmiýetini ündediler.

Sergä gatnaşan okyjylarymyz özleri üçin döredilýan giň mümkinçilikler üçin Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini beýan etdiler.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanda Baş täze ýyl arçasynyň yşyklary ýakyldy
Ýapon gurjaklarynyň sergisi
Gyş ertekisi
Arzuwyny wysal eden: el hünäriniň gudraty
Körpeleriň Aşyr dädesi
Körpeleriň Aşyr dädesi