Kitap adamzat durmuşynyň deňsiz-taýsyz gymmatlygy, gaýtalanmajak açyşydyr.Biziň ata-babalarymyz kitaba aýratyn hormat goýupdyr.Muny biziň nusgawy edebiýatymyzyň naýbaşy eserleriniň üsti bilen hem aýdyň görüp bilýäris.
Kitaba bolan hormat diňe bir biziň türkmen halkymyzda bolman, eýsem ol dünýäniň ähli künjeginde ähli halklar tarapyndan aýratyn sarpalanýan gymmatlyklaryň hataryna girýändir.Kitap çagalara başlangyç hem esasy terbiýe bermekde hem aýratyn orna eýe bolup durýandyr.
Bu babatda ertekileriň, çagalar üçin goşgular we sanawaçlar uly islegden peýdalanýandyr.
Hut şu nukdaýnazardan hem dünýä jemgyýetçiligi görnükli çagalar ýazyjysy bolan daniýaly ýazyjy Gans Hristian Anderseniň doglan gününi 2-nji apreli Çagalar kitabynyň halkara güni hökmünde esaslandyrylmagyny maksadalaýyk hasaplady. Şondan bäri hem, has takygy 1967-nji ýyldan bäri Çagalar kitaby boýunça Halkara Geňeşiniň (International Board on Books for Young People, IBBY) başlangyjy we karary bilen her ýylyň 2-nji aprelinde indi däp boýunça Çagalar kitabynyň halkara güni giňden bellenilip geçilýär.
Çagalar kitabynyň taryhy uzaklara gidýär.Haçanda 1477-nji ýylda Angliýada U.Kekston tarapyndan kitap stanogy döredileninden soňra, ol iňlis dilinde ilkinji çagalar kitabyny neşir edipdir.Köp sanly çagalar neşirleriniň arasynda Ezopyň basnýalaryna aýratyn höwes bildirilipdir. 1658-nji ýylda bolsa çehiýaly pedagog Ýan Komenskiý latyn dilinde gawýuraly Suratlarda duýguly zatlaryň dünýäsi (Orbis Sensualium Pictus) ady bilen çagalar üçin kitaby neşir edýär.
XVIII asyr çagalar üçin iki sany ajaýyp romany sowgat berýär, bular: Daniel Defonyň Robinzon Kruzo we Jonatan Swiftiň Gulliweriň syýahaty romanlary bolup durýar. Şol bir wagtyň özünde hem halk arasynda ertekiler, rowaýatlar, hekaýalar çagalar üçin, olaryň ýaşlykdan akyl mümkinçilikleriniň we gymmatlyklarynyň kemala getirilmegi üçin giňden ulanylypdyr.
Mundan başga-da, Aladdin, Ali-Baba we kyrk garakçy hem-de Sindbad-Deňizçiniň ýedi syýahaty ýaly gündogar öwüşginli halk arasynda giňden ýaýran rowaýatlara esaslanýan ertekiler hem çagalaryň, şeýle-de uly ýaşlylaryň arasynda aýratyn islegden peýdalanypdyr.
Çagalar edebiýatynyň altyn asyryna XIX asyryň ortalary degişli edilýär.Hut şu döwürde çagalar üçin diňe bir ertekileriň, rowaýatlaryň ýeterlik bolman, eýsem olaryň öz hususy kitaplarynyň zerurlygyna göz ýetirilipdir. Şeýle-de bolsa çagalar üçin niýetlenen edebiýatlardan ulular hem çetde durmandyrlar.
Hut bir döwürler Angliýanyň Şazenany Ýelizaweta II hem özüniň L.Kerrolyň Alisa täsinlikler ýurdunda atly kitabynda beýan edilen erkin satiralaryň we dünýägaraýyş oýunlarynyň has göwnüne ýaraýandygyny aýdypdyr.Emma ertekiler hiç wagt hem ýatdan çykarylmandyr. Çagalar gününiň esaslandyrylmagy hem adamzat taryhynyň gaýtalanmajak ertekiçisi Gans Hristian Andersene aýratyn hormatyň nyşany bolup durýar.
XX asyr ýaş okyjylara köp sanly täze dostlary kitap gahrymanlaryny sowgat berdi. Olardan Piter Peni, Meri Poppinsi, Garri Poteri, Ýartygulagy we beýlekileri mysal getirmek bolar. Çagalar kitaby özünde tutuş dünýäni jemleýär: çagalaryň düşünjesinde jahanda bolup geçýän ähli zatlar bolsa özboluşly gyzykly bolup durýar.
Çagalar edebiýatynyň mizemez binýadyny tutan gaýtalanmajak şahslaryň arasyndan doganlar Grimmleri we Şarl Perrony hem aýtmak bolar. Çünki ol çagalygyň täsin dünýäsine Küljagazy (Zoluşkany) getirdi.
Häzirki wagtda biziň ýurdumyzda hem çagalar üçin neşirler çap edilýär.Bu ugurda “Güneş” çagalar žurnaly aýratyn ähmiýetli neşir bolup durýar.Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalarynyň saýasynda türkmen çagalary bu gün hemmetaraplaýyn alada we mähir bilen gurşalýar.
Bu bolsa halkymyzyň we döwletimiziň ýagty geljegi hasaplanýan çagalaryň sagdyn aňly, berk bedenli hem-de giň dünýägaraýyşly bolup ýetişmekleriniň mizemez kepili bolup durýandyr.
Meretgül ESENOWA,
Daşoguz welaýatynyň Saparmyrat Türkmenbaşy etrabynyň 44-nji orta mekdebiniň mugallymy.