Kitaby dädem Gorkut eposynyň jemgyýetçilige mälim bolmadyk Berlin nusgasynyň üsti açyldy

Kitaby dädem Gorkut eposynyň jemgyýetçilige mälim bolmadyk Berlin nusgasynyň üsti açyldy

TYA-nyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň alymlary 2024-nji ýylda Germaniýa Federatiw Respublikasyna guralan ylmy saparyň dowamynda Berlin döwlet kitaphanasynda iş alyp bardylar.

Türkmenistan gazetinde berilýän habara görä, alymlar saparyň dowamynda dünýä medeniýetiniň altyn hazynasyna giren, gadymy oguz türkmenleriniň irki jemgyýetçilik-syýasy gurluşy, ynanç-ygtykatlary, däp-dessurlary, ruhy ahwallary çeper beýanyny tapan Kitaby dädem Gorkut eposynyň entek dünýä ylmy jemgyýetçiligine mälim bolmadyk Berlin nusgasynyň üsti açyldy.

Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Berlin döwlet kitaphanasynda Diez A fol. 61 belgili bukjada saklanýan bu nusga 75 sahypadan ybarat bolup, her sahypasy 32 setirden ybarat nestalyk ýazuw görnüşinde ýazylypdyr.

Öň ylmy jemgyýetçilige bu eposyň Drezden, Watikan, Türkmensähra we halkyň dilinden ýazylyp alnan Türkmenistan nusgalary bellidi diýlip, degişli makalada getirilýär.

Ýene degişli makalalar

18-nji oktýabrda Türkmenistanyň esasy habarlarynyň daýjesti
Olaf Şols 80-nji ýyllarda öndürilen telewizor ulanýandygyny gürrüň berdi
Durdy Baýramow: nakgaş barada ýatlamalardan
26.09.2017 | “Aşgabat 2017” oýunlarynyň açylyş dabarasynda janlandyrylan türkmen taryhy: Gadymy Merw we Oguzhan
“Aşgabat 2017” oýunlarynyň açylyş dabarasynda janlandyrylan türkmen taryhy: Gadymy Merw we Oguzhan
Gorkut ata (Dädem Gorkut) dessany adamzadyň medeni miraslar sanawyna girizildi