Kirişli saz gurallary orkestrini döredilen güni bilen gutlaýarys!

2-nji noýabrda Türkmenistan kinokonsert merkezinde Tahyr Ataýewiň ýolbaşçylygyndaky kirişli saz gurallary orkestriniň taýýarlan nusgawy sazlar agşamy geçirildi.Konsert berip başlamagynyň bir ýyllygyny golaýda bellän zehinli orkestr Ýewropa nusgawy sazlarynyň naýbaşylaryny ýerine ýetirdi. 2018-nji ýylyň 14-nji oktýabrynda ýaş we hyjuwly sazandalar täze saz topary hökmünde özüni tanatmak üçin ilkinji gezek konserwatoriýanyň Uly zalynyň sahnasyna çykdylar.

Professional sazandalar we tomaşaçylar olaryň çykyşyna ýokary baha berdiler.Orkestriň döredilmegine bagyşlanan konsert Wolfgang Amadeý Mosartyň Kiçijik gije serenadasy bilen açyldy. Şeýle hem Iogann Sebastýan Bahyň, Antonio Wiwaldiniň, Alfred Şnitkeniň, Gara Garaýewiň we beýleki kompozitorlaryň eserleri ýaňlandy. Çykyşlar wagty görkezilen wideoşekillerde kompozitorlaryň durmuşynyň we döredijiliginiň şanly pursatlaryny beýan etdi.

Konsert Grigoraş Dinikunyň Mart tansy bilen tamamlandy, tomaşaçylar ony yzy üzülmeýän el çarpmalar bilen mübäreklediler.Onsoň orkestr diňleýjilere sowgat hökmünde Genrih Wenýawskiniň şahyranalyga we ekspressiýa ýugrulan Kapris eserini ýerine ýetirdi.

Tahyr Ataýew bilen interwýudan: -Bu hasap boýunça orkestriňiziň näçinji konserti? -Altynjy, ýöne biz sana kowalaşamyzok-da, onuň ýerine ýetiriliş hiliniň ýokary bolmagyna çalyşýarys.Toparymyzyň agzalarynyň sazandarlyk we artistlik ukyby ýokary, her konsertdenem olaryň ussatlygy hem tejribesi artýar. -Siziň orkestriňiz, ozal belleýşiňiz ýaly, tomaşaçylary ýurdumyzda ilkinji gezek çalynýan sazlar bilen tanyşdyrmagy maksat edinýär. - Hawa, biz şondan ugur alýarys. Ýaňky çykyşymyzda Jowanni Bottezininiň Elegiýasy ilkinji gezek ýerine ýetirildi.

Galyberse-de, kontrabasyň solo çykyşy sahnada seýrek duşýan ýagdaý.Kontrabsçy Guwanç Saryýew ussatlarça çykyş etdi hasaplaýaryn. -Sag boluň.Siziň orkestriňize mundan beýlägem üstünlikler arzuw edýäris we nusgawy sazlary özboluşly ýerine ýetirip, diňleýjileri begendirjek indiki çykyşlaryňyza sabyrsyzlyk bilen garaşýarys.

Ýene degişli makalalar

Aşgabatda skripkaçy Aýbölek Muhyýewanyň solo konserti boldy
"Mukamlar köşgünde" Aşgabatdan Pariže aýdym-saz "syýahaty" boldy
Tahyr Ataýewiň orkestri aşgabatlylar üçin, "Italiýa baýramçylyklary" stilinde konsert gurady
Paýhaslar
Mosartyň öýi satuwa çykarylýar
05.12.2017 | Türk medeniýetiniň günleri türkmenistanlylary doganlyk halkyň döredijilik däpleri bilen tanyşdyrýar