Kiprde türkmen migranty 3 ýyl 10 aý azatlykdan mahrum edildi

Kiprde türkmen migranty 3 ýyl 10 aý azatlykdan mahrum edildi

Demirgazyk Kiprdäki Kirinýänyň agyr jeza kazyýeti şu ýylyň 9-njy iýulynda Girne-Alsanjak awtoýolunda türkmen migranty Azamat Rejepowyň ölümine sebäp bolan awtoýol heläkçiliginde, awtoulagy süren türkmen migranty Rüstem Hudaýberdiýewiň 3 ýyl 10 aý azatlykdan mahrum edilmegi barasynda höküm çykardy.

"Kipir Gazetesi" atly neşirde çap edilen habarda aýdylşyna görä, Kiriniýanyň agyr jeza kazyýetiniň başlygy Fadyl Aksun "Ätiýaçsyzlyk we dykgatsyzlykdan adam ölümine sebäp bolmakda" aýyplanýan türkmen migranty Rüstem Hudaýberdiýewe garşy gozgalan işleriň hemmesinde günäli tapylandygyny aýan edip, 23-nji noýabrda geçirilen kazyýet diňlenişiginde hökümi okady we onuň 3 ýyl 10 aý türme tussaglygyna höküm edilendigini bildirdi.

Gazetde ýazylyşyna görä, Kipr raýaty bolmaýan we ýurtda iş rugsady bilen migrantlyk edýän türkmenistanly Rüstem Hudaýberdiýewiň jezasyny çekenden soň deportasiýa ediljekdigine garamazdan, Demirgazyk Kiprde "Ministrler kabinetiniň" kararlary bilen wagtal-wagtal deportasiýalaryň ýatyrylýandygyny nazara alyp, agyr jeza kazýetiniň başlygy Fadyl Aksun bolmagy ähtimal şeýle ýagdaýy göz öňünde tutup, türkmen migrantynyň gaýtadan ýurda işlemäge gelip bilmegi üçin, tussaglyk möhleti dolandan 2 ýyl geçýänçä onuň sürüji şahadatnamasyny ulanmagyny hem gadagan edilýändigini habar berdi.

Kazyýetiň başlygy Fadyl Aksun kazyýet diňlenşiginde türkmen migranty Rüstem Hudaýberdiýewiň öwrüme golaýlan mahaly ulagyň tizligini haýallatman, awtoýol heläkçiligine sebäp bolany üçin, günäli tapylandygyny hem aýratyn belläp geçdi.

Ýatladyp geçsek, 9-njy iýulda agşam sagat 20:15 töwereginde Kirinýa-Alsanjak awtoýolunyň 7-8 kilometrleri arasynda 26 ýaşyndaky türkmen migranty Rüstem Hudaýberdiýewiň sürýän "FU135" belgili awtoulagy ýol hereketi düzgünlerine ters ýagdaýda aşa tizlikde Kirinýa tarap barýarka Karmi çatrygyna 300 metr galanda, deňagramlylygyny ýitirip, iki gatnaw ýoluny aýyrýan demre kakandan soň agdarylyp, zyňylyp gidip ýoluň ahyryndaky berkitmäni geçip bilmän durupdy. Ýol heläkçiliginde onuň ýanynda ulagyň içinde oturan türkmenistanly ildeşi, 29 ýaşyndaky migrant Azamat Rejepow wakanyň bolan ýerinde aradan çykypdy.

Beýleki ýolagçy 26 ýaşyndaky türkmen migranty Nurymyrat Mämmetgulyýew bolsa agyr ýaralanypdy.Ulagdaky dördünji ýolagçy bolan 26 ýaşyndaky türkmen migranty Derkarjan Çaryýew bolsa ulagy süren Rüstem Hudaýberdiýew bilen bilelikde şikessiz ýagdaýda sag-aman gutulypdy.

Beýleki tarapdan, Demirgazyk Kipr mediasynda çykan habarlarda 8-nji awgustda Nikosiýada ulag sürüp barýarka özünden gidip, ýol heläkçiligi hadysasyna sebäp bolan we ýanyndan neşe maddalary tapylan türkmenistanly migrant Ygtyýar Hemraýew baradaky derňew işiniň hem dowam edýändigi ýatladylýar.

Ýeri gelende bellesek, Demirgazyk Kipr Türkmenistan bilen diplomatiki gatnaşygy bolmansoň, türkmen migrantlarynyň köne türkmen pasporty bilen ýaşaýyş ýa-da iş rugsadyny alyp, ýurtda galmagyny kabul edýär. Türkiýede köne pasportly bikanun ýagdaýda galan türkmen migrantlarynyň käbiri hem bu sebäpden Demirgazyk Kipre ýykgyn edýär.

Sözi jemläp aýtsak, ýokarda ady agzalan türkmen migrantlarynyň ykballary barasynda degişli taraplardan haýsam bolsa bir kommentariýa ýa-da jikme-jik maglumat almak Azatlyk Radiosyna başartmady.

Ýene degişli makalalar

Kiprde saklanan türkmen migrantlarynyň tussaglyk möhletleri uzaldyldy
Kiprde agajy kakan sürüji türkmen migranty agyr ýagdaýda
Ersin Tatar: "Grekleriň ýaraglanmagy sebitde hiç kime peýdasy bolmaz" diýdi
DKTR-da Ýangyn Söndüriş Dik Uçary Iş Alyp Barar
“Kipr Türk Halkynyň Deň hukukly Özygtyýarlygy we Halkara Statusy Ykrar Edilmeli”
Kipr görülmedik yssyny başdan geçirýär