Kiprde iri gaz ýatagy ýüze çykaryldy

Demirgazyk Amerikanyň nebit ägirdi “ExxonMobil” kompaniýasy tarapyndan Kipriň kenarlarynda açylan gaz ýatagynyň gorlary takmynan 142-den 227 milliard kubmetre deňdir.Bu barada “Exxon Mobil”-iň beýanatynda mälim edilýär.Bu gaz ýatagy Kipriň ykdysady zolagyndaky deňiz kenarlarynda gözleg-buraw işleri geçirilýärkä ýüze çykaryldy.Bu gorlaryň mümkinçiliklerini anyk kesgitlemek maksady bilen barlaglaryň geçiriljekdigi “ExxonMobil” kompaniýasynyň beýanatynda mälim edilýär. Bu soňky iki ýylyň içinde dünýäde ýüze çykarylan gaz ýataklarynyň ululygy boýunça üçünjisidir.

Golaýda açylan bu gaz ýatagy dünýä we sebit bazarynyň energiýa çeşmelerine hyzmat eder diýip, kompaniýanyň başlygy Stiw Grinlin aýtdy.Mundan başga-da, Ýewropa kompaniýasynyň ikisi Italiýanyň “ENI” we Fransiýanyň “Total” kompaniýalary ýylyň ahyryna çenli Kipriň ykdysady zolagynda 5 guýyny burawlamagy meýilleşdirýär.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň we Gazagystanyň üstaşyr geçiren nebitiniň paýy 842,9 müň tonna ýetdi
Baku-Tbilisi-Jeýhan turbageçirijisi arkaly 32 million tonna türkmen nebiti eksport edildi
Kiprde iri gaz ýatagy ýüze çykaryldy
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
23.05.2018 | Awazada IX halkara Gaz kongresi açyldy
Awazada IX halkara Gaz kongresi açyldy