Kipr türk polisiniň metbugata beren beýannamasynda, sürüp barýan ulagy bilen ýol heläkçiligine uçran 25 ýaşyndaky türkmenistanly migrant Çarykuly Açylowyň keselhanadaky agyr ýagdaýynyň dowam edýändigine üns çekilýär.
Beýannamada aýdylşyna görä, waka 5-nji ýanwarda gije sagat 23.30 töwereginde, Nikosiýanyň Gönýeli diýen ýerinde bolupdyr. Nikosiýa tarap ýeňil awtoulagy aşa gaty sürüp barýan türkmenistanly migrant Çarykuly Açylow birden ünsi bölüneni sebäpli ýoldan çykyp, hurma agajyny kakyp, awtoýol heläkçiligine uçrapdyr. Wakada türkmen migranty Çarykuly Açylow gaty agyr ýaralanypdyr we Nikosiýadaky "Dr. Burhan Nalbantoglu" adyndaky döwlet keselhanasyna äkidilipdir.
Keselhana çeşmeleri türkmen migrantynyň sag uýluk, sag çekge we sag gözüniň hanasynyň süňklerindäki döwük-ýenjik sebäpli ýörite gözegçilikde saklanýandygyny habar berýär.
"kybrys724" atly internet neşiri bolsa, 25 ýaşyndaky türkmenistanly migrant Çarykuly Açylowyň agajy kakan ýeňil awtoulagynyň tanar ýaly bolmandygyny we onuň ulagyň içinden zordan agyr ýaraly ýagdaýda çykarylandygyny ýazýar.
Kipr türk metbugatynyň ýazmagyna görä, türkmenistanly Çarykuly Açylow "Kyrny Piliçleri" atly towukçylyk firmasynda zähmet migranty bolup işleýär ekeni.
Kipriň türk metbugatynda türkmen migrantlarynyň gatnaşmagynda bolýan ýol heläkçilikleri barada soňky wagtlarda yzygiderli ýagdaýda maglumatlar çykýar.
"Kipir Gazetesi" atly neşir mundan owal, öten ýylyň 23-nji noýabrynda geçirilen kazyýet diňlenişiginde, Kiriniýanyň agyr jeza kazyýetiniň başlygy Fadyl Aksunyň geçen ýylyň 9-njy iýulynda Girne-Alsanjak awtoýolunda türkmen migranty Azamat Rejepowyň ölümine, Nurymyrat Mämmetgulyýewiň hem agyr ýaralanmagyna sebäp bolan awtoýol heläkçiliginde, awtoulagy süren türkmen migranty Rüstem Hudaýberdiýewi "Ätiýaçsyzlyk we dykgatsyzlykdan adam ölümine sebäp bolmakda" aýyplap, 3 ýyl 10 aý türme tussaglygyna höküm edendigini ýazypdy.
Demirgazyk Kipr mediasynda çykan başga bir habarda 8-nji awgustda Nikosiýada ulag sürüp barýarka özünden gidip, ýol heläkçiligi hadysasyna sebäp bolan we ýanyndan neşe maddalary tapylan türkmenistanly migrant Ygtyýar Hemraýew baradaky derňew işiniň hem dowam edýändigi ýatladylýar.
"Haber Kybrys" neşiri bolsa, Kermiýada täze ýylyň öňýany 30-njy dekabrda 32 ýaşyndaky Şamurat Daşkynow atly türkmenistanly migrantyň aşa içgili ýagdaýda sürüp barýan ýeňil awtoulagynyň agdarylyp, togalanmagy sebäpli ýol heläkçiligine uçrandygyny, ýöne oňa hiç hili şikes ýetmändigini habar beripdi.
Neşir ýurtda şeýle aşa serhoş ýagdaýda ulag sürene ilkinji gezek duş gelen Kipr türk polisiniň aýak üstünde durup bilmeýän türkmen migranty Şamurat Daşkynowy dessine saklandygyna hem aýratyn üns çekipdi.