“Kipr Türk Halkyny we DKTR-ny Asla Ýalňyz Goýmarys”

“Kipr Türk Halkyny we DKTR-ny Asla Ýalňyz Goýmarys”

Prezidentiň orunbasary Jewdet Ýylmaz, Kipr parahatçylyk hereketi bilen Kipr türk halkyny we özygtyýarlygyny nyşana alan ähli synanşyklaryň taryha gömülendigini aýtdy.

Jewdet Ýylmaz, Kipr parahatçylyk hereketiniň 50 ýyllygy mynasibetli ýazmaça beýannama berdi.

Ýylmaz, “Parahatçylyk operasiýasy bilen hemaýatkär döwlet Türkiýe, Ada-da birnäçe ýyl dowam eden gyrgynçylygyň bes edilmegini ýola goýdy, şol bir wagtda hem tutuş Kipr Adasyna parahatçylyk getirdi”diýdi.

Kipr Türk halkynyň, Kipr adasynyň özygtyýarly we deň hukukly eýesidigini nygtan Ýylmaz, ene watan Türkiýäniň, Kipr türk halkyny we DKTR-ny asla ýalňyz goýmajakdygyny belledi.

Prezidentiň orunbasary Ýylmaz, Kiprde adalatly we yzygiderli çözgüdiň Ada-daky hakykatlara esaslanmalydygyny nygtady.

Ýene degişli makalalar

DKTR-nyň Gurlan Gününiň 41 Ýyllygy Ankarada Dabaraly Ýagdaýa Bellenilip Geçildi
DKTR-nyň Premýer-ministri Türkiyede Saparda Bolýar
DKTR-nyň Premýer-ministri Ünal Üstel Ankarada Saparda Bolýar
Türki dilli döwletleriň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary
Türki Döwletleriň Gün Tertbindaki Wakalar
Türki döwletleriň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary