Kipr parahatçylyk hereketiniň 48 ýyllygyna bagyşlanan çäreler, DKTR-nyň Prezidenti Ersin Tataryň we Türkiýe Respublikasynyň Prezidentiniň orunbasary Fuat Oktaýyň Atatürk ýadigärligine gül desselerini goýmagy bilen başlady.
Paýtagt Lefkoşadaky Atatürk ýadigärliginde geçirlen dabarada hormatly dymyşlyk edilmeginden, döwlet senasynyň ýerine ýetirilmeginden we baýdagyň diňe asylmagyndan soň DKTR-nyň Prezidenti Ersin Tatar, ýadigärligiň ýörite depderine ýatlama sözlerini ýazdy.
Prezident Tatar depdere “Beýik baştutan Mustafa Kemal Atatürk, siziň ynkylaplaryňyz, garaýyşlaryňyz we göreşiňiz Kiprk türk halkyna ýolbelentlik etmäge dowam eder. Adalatymyz, deň-hukuklylygymyz we azatlygymyz üçin halkara derejesinde alyp barýan göreşimizi egilşiksiz dowam etdirjekdigimizi nygtamak isleýärin.
Kipr türk halkynyň tutanýerli göreşi we ene watanymyz Türkiýäniň bize beren goldawlary netijesinde uly ýeňiş bilen netijelenen 20-nji iýul Parahatçylyk hereketiniň 48-nji ýylynda siziň huzuryňyzda ýene-de bir gezek söz berýärin. Döwletimizden, garaşsyzlygymyzdan we özygtyýarlygymyzdan asla egilşik etmeris. Sizi uly hormat bilen hatyralaýarys”diýdi.
Prezidentiň orunabsary Fuat Oktaý ýadigärligiň ýörite depderine “Eziz Atatürk, şu gün Kipr türk doganlarymyzyň barlygyny we geljegini kepil astyna alan Kipr parahatçylyk hereketiniň 48 ýyllygyny dabaraly ýagdaýda belläp geçýäris.
Türkiýe Resppublikasy, ene watan we hemaýatkär ýurt hökmünde şu günki güne çenli bolşy ýaly mundan soň hem Kipr türk halkynyň özbakdaşlyk hukugynyň, azatlygynyň we bagtyýarlygynyň kepilnamasy bolmaga dowam eder.
Bu şatlykly günde sizi uly hormat bilen hatyralaýarys” diýdi.