Kino täzelikleri

Amerikaly tanymal aýdymçy The Weeknd serialda surata düşer.Ol HBO-nyň The Idol atly täze serialynda baş keşbi janlandyrar.Seriala köpleriň söýgüsini gazanan Euphoria serialy bilen adygan Sem Lewinson hem-de Reza Fahim prodýuserlik eder.

Serialdaky wakalar Los Anjeles şäherinde bolup geçýär.Aýdymçy The Weeknd mundan öňem Adam Sandleriň baş keşpde surata düşen Netflix kinosy Uncut Gems filminde kiçeňräk keşbi janlandyrypdy.Täze serialyň ssenariçileriniň arasynda Ýosef Epstein we Meri Laws ýaly ssenariçiler hem bar.

Dünýä belli gurjak öndürýän kompaniýa Polly Pocket barada film surata düşüriler.Polly Pocket atly filmde baş keşbi Hollywood-yň ýaş aktrisasy Lili Kollins janlandyrar.Ol: Hemmäniň söýgüli gurjaklary, oýnawaçlary baradaky filmiň bir agzasy bolmak meni tolgundyrýar diýip, beýanat berdi.

Mattel Films hem-de MGM kompaniýalarynyň garamagynda erkanlaşdyryljak filme Lena Dunham režissýorlyk eder.Polly Pocket barada ozal hem telim multfilm, teleserial surata düşürilipdi.Filmiň beýleki artistleri we onuň önümçiligi baradaky doly maglumatlar öňümizdäki günlerde belli bolar.

Meşhur aýdymçy hem-de aktrisa Jennifer Lopez Atlas atly filmde baş keşpde surata düşer.Ol ady agzalan bu ekran eserinde Atlas atly zenanyň keşbini ýerine ýetirer.

Netflix platformasynyň önümi bolan filme Bred Peýton režissýorlyk eder.Ylmy-fantastik we triller görnüşli filmiň ssenarisini Aron Eli Koleite ýazar.Filmde geljekde wakalar dogrusynda söhbet açylýar.Atlas atly zenan bilen emeli aňyň arasyndaky göreş beýan edilýär.

Ýene degişli makalalar

Telewideniýe dünýäsiniň Oskary hasaplanýarn “Emmy” baýraklary gowşuryldy
Türkmen prezidentiniň öz ölümi baradaky gürrüňleri 'ýalana çykaryşy' amerikan satiriginiň 'içini gyrýar'
Türkmenistana ünsi çekýän satira gepleşikleri we ýurduň Ginnes "teşneligi"
Britan kompaniýasy £1 mln-a Türkmenistanyň at çapyşyk ýodalaryna täze örtük ýazar
Berdimuhamedow atlar bilen didarlaşýar. Metbugat ösüşleri’ wasp edip, krizisi’ agzamaýar
Jennifer Lopez “Netflix”-iň filminde surata düşer