Kino sungatynyň ägirdi, görnükli wekili, fransiýaly rowaýaty režissýor, ssenariçi Žan-Luk Godar 91 ýaşynda aradan çykdy.Ussat režissýor 1950-60-njy ýyllarda kino sungatynda Fransuz täze akymyň (French Nouvelle Vague) başyny başlan, ony esaslandyran şahsyýet hasaplanýardy. 1930-njy ýylyň 3-nji dekabrynda Parižde dünýä inen Žan-Luk Godar Şweýsariýanyň Nýon şäherinde kemala gelýär. 1950-nji ýylda kino sungatyna aralaşýar.
Ilki-ilkiler şol wagtky “Cahiers du Cinéma” atly meşhur žurnalda makalalar, filmler barada teswirler ýazyp başlaýar.Irki ýyllarda gysga metražly filmleri ekranlaşdyran režissýoryň ilkinji filmi “Soňky demde” (À bout de souffle) diýlip atlandyrylýar. 1960-njy ýylda surata düşüren bu filminde Žan-Pol Belmando, Jin Siberg baş keşpleri janlandyrýar.
Godaryň bu filmi onuň özboluşly režissýor boljakdygyny buşlaýar.Ol filmlerini adaty bolmadyk usulda ekranlaşdyrýar.Başgaça aýdylanda, ol ozaldan dowam edip gelýän adaty kinolara meňzemeýän ekran eserlerini surata düşürýär.
Onuň saýlap alan bu ýoly soňlugy bilen, kino sungatynda uly orun eýeleýär.Kinotankytçy Andre Bazen, meşhur režissýorlar Fransua Truffa, Klod Şabrol, Žak Riwet ýaly kino sungatynyň ägirtleri bilen ýakyn dostluk saklaýar.
Ululy-kiçili 70-den gowrak filme režissýorlyk eden Žan-Luk Godaryň “Kiçi esger” (Le Petit Soldat, 1960), “Zenan bar zenan” (Une femme est une femme, 1961), “Öz durmuşyňy ýaşa” (Vivre sa vie, 1962), “Karabinerler” (Les Carabiniers, 1963), “Ýigrenç” (Le Mepris, 1963), “Kesekiler topary” (Bande a part, 1964), “Tentek Piero” (Pierrot le Fou, 1965), “Alfawill” (Alphaville, 1967), “Hepde soňy” (Week end, 1967), “Bir goşmak bir” (One plus one, 1968) ýaly filmleri ýatlanmaga mynasypdyr.
Ol režissýorlyk karýerasynyň ahyrlarynda “Sosializm” (Film Socialisme, 2010), “Hoşgal dil” (Adieu au Langage, 2014) ýaly täze tehnologiýanyň talaplaryna laýyk gelýän kinolary hem surata düşürýär.
Öz filmlerinde Anna Karina, Brijit Bardo, Anna Wýazemski, Žan-Pol Belmando ýaly döwrüň ussatlary bile işleşen Godar 1965-nji ýylda “Alfawill” filmi bilen Berlinde “Altyn aýy”, 1983-nji ýylda “Ady: Karmen” filmi bilen Wenesiýada “Altyn ýolbars” baýraklaryna, 1987-nji we 1998-nji ýylda Sezar hormat sylagyna, 2010-njy ýylda-da Akademiýanyň (Oskaryň) hormat sylagyna laýyk görülýär. 3 gezek durmuş guran Godar Fransiýanyň meşhur ýokary okuw jaýy bolan Pariž uniwersitetiniň (Sorbonna) uçurymydyr.
Godar Şweýsariýanyň hem raýatydy.