Kindiwanja ulagy satuwa çykardy

Renault toparyna degişli bolan Mobilize kompaniýasy örän kiçi awtoulag modellerini taýýarlady.Duo we Bento atly ulaglar bir we iki orunlyk bolup, elektrik energiýasy bilen işleýär.Täze ulaglar 2020-nji ýylda tanyşdyrylan Citroen Ami kwadrosikliniň bäsdeşi bolar.

Bu elektroulaglar jemgyýetçilik ulaglarynyň ýok ýa-da az ýerlerinde sürmäge niýetlenipdir.Bento modeliniň yzynda 649 litrlik ýük goýulýan bölüm bar.Duo-nyň ululygy 2,43 metre, Bento-nyňky 2,54 metre deň.

Iki orunlyk Duo bir gezekki zarýady bilen 160 kilometr, Bento bolsa, 149 kilometr ýol geçip bilýär.Ulaglar daşyndan seredeniňde kiçijik maşyna meňzeýän hem bolsa, resmi ýagdaýda dört tigirli motosikl, ýagny kwadrosikl hasaplanýar.

Modelleriň ikisiniň hem gapysy ýokarlygyna açylýar.Kompaniýa bu ulaglary, esasan, kärendesine berýän kärhanalara niýetläp öndüripdir.Modeller 10 müň ýewro çenli bahadan satuwa çykaryldy.

Şapolat çaryýew,

Türkmen döwlet maliýe institutynyň talyby.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň Fransiýadaky ilçihanasynda talyplar bilen duşuşyk geçirildi
Toyota Corolla 2022-nji ýylyň iň geçginli awtoulagy boldy
Toni ROBBINS, Özüňe erk etmegiň gudraty (13-nji bölüm)
“Türkmenistan” awiakompaniýasy Kazandan Türkmenabada hem-de Moskwadan Türkmenbaşa howa gatnawlarynyň tertipnamasyny üýtgetdi, Moskwada Gurbanguly Berdimuhamedowyň saparyna garaşylýar hem-de rus-türkmen uniwersitetini döretmekde işler ýola goýulýar
Halkara festiwalyň çäklerinde milli lybaslar görkezildi
Mercedes-Benz täzelenen A-Class-y görkezdi