Kimçi koreýleriň syrly işdäaçary

Her halkyň özüne mahsus nusgalyk tagamlarynyň bolşy ýaly, koreýler hem dünýäniň aşpezçilik sungatyna özboluşly tagamlary bilen goşant goşupdyr.Koreý aşhanasy diýlende köpler, ilki bilen, kimçi işdäaçarynyň adyny tutýar.

Koreý aşhanasynyň iň naýbaşy tagamlarynyň biri bolan kimçi saglyk üçin iň peýdaly işdäaçarlaryň biri hasaplanýar.Eýsem, koreý aşhanasynyň täji hasaplanýan bu işdäaçaryň syry nämede?Bu işdäaçar hakykatdanam peýdalymy?

Kimçiniň dürli görnüşi bar.Bu görnüşler işdäaçara goşulýan gök-bakja önümlerine görä üýtgeýär.Däp bolşy ýaly, bu işdäaçara duzlanan napa kelemi (hytaý kelemi), turp, ter hyýar, käşir, ýaş sogan, sarymsak, zenjebil, zeýtun ýagy, gyzyl burç, sirke, künji, şeker, süýji tüwi uny we gaýa duzy goşulýar.

Adatça kimçi taýýarlamak bir gün wagt alýar.Ilki bilen ýumşak hem uzyn ak baldakly napa kelemi 6 sagat töweregi duzly suwda saklanýar.Duzly suw kelemdäki bakteriýalaryň ösmeginiň öňüni alyp, ysyny aýyrýar we ýumşak bolmagyny üpjün edýär.

Kelem duzly suwdan çykarylyp, suwy syrygyp doly akýança goýulýar we gyzyl burç, sirke we zeýtun ýagy bilen marinad edilýär.Soňra tüwi unundan bulamak taýýarlap, içine külke gyzyl burç goşulýar.

Uly jamyň içine inçe dogralan turpy, hyýary, ýaş sogany we käşiri atyp, gaýa duzuny sepmeli.Duzlanandan soň gök önümleriň üstüne sarymsak, zenjebil we gyzyl burçly goýaltmany guýmaly.Soňra kelemi dörtden bir bölege bölüp, ýapraklarynyň arasyna jamdaky gök önümli goýaltmany sürtüp çykmaly.

Kelem gök önümler bilen mazaly alşandan soň, agzy ýapyk gaba salyp, otag temperaturasynda 24 sagat goýmaly.Işdäaçar 3-4 gün geçse, has tagamly bolýar.Taýýar bolan işdäaçary sowadyjyda 2 aýlap, gaplanan görnüşde 1 ýyla çenli saklap bolýar.

Kimçi az kaloriýaly iýmit bolsa-da, probiotiklere, witaminlere we antioksidantlara baýdyr.Duza ýatyrylan hytaý keleminden taýýarlanýan bu iýmit immuniteti güýçlendirýär hem-de agramy kadaly derejede saklamaga ýardam edýär.

Işdäaçardaky C we K witamini süňkler üçin peýdaly bolmak bilen bir hatarda, iýmit siňdiriş ulgamyny goldaýar.Kimçi işdäaçaryndaky peýdaly maddalar holesteriniň derejesini peseldip, ýürek saglygyny goldaýar we gandaky şekeri kadaly derejede saklamaga ýardam edýär.

Koreýleriň dünýä meşhur bolan bu işdäaçaryny, esasan, gyş paslynda iýmek maslahat berilýär. /* custom css */ .td_uid_15_6752e9b7932ed_rand.td-a-rec-img { text-align: left; } .td_uid_15_6752e9b7932ed_rand.td-a-rec-img img { margin: 0 auto 0 0; }

Ýene degişli makalalar

Sesiň gyrylmagyna tebigy bejergiler
Miweleriň we gök önümleriň şiresi
Miweleriň we gök önümleriň şiresi
Ysraýylly esgerler tiz kömege garaşýan palestinalyny öldürdiler
Şu ýyl gök-bakja ekinleri artygy bilen taýýarlandy
Türkmenistandaky dükanlaryň eýelerine azyk bahalarynyň “maslahat berilýän” sanawyny paýladylar