Kim, haçan oýlap tapdy?

Oýunjak şar. Içine howa goýberilen dürli jisimler has irki döwürlerde peýdalanylypdyr.Ilkibaşda, malyň içegesi, derisi we howa geçirmeýän matalar içine howa goýberilip ulanylypdyr.Uçmak maksady bilen döredilen ilkinji şar uçardan has ir 1783-nji ýylda uçurylýar. Şol ýylyň 21-nji noýabrynda Parižiň etegindäki La-Mýuett diýen ýerde Žozef-Mişel Mongolfýe (1740-1810ýý.) we Žak-Etýenn Mongolfýe (1745-1799ýý.) atly iki dogan ilkinji howa şaryny uçurýarlar.

Bu uçuşa Žan-Fransua Pilatr de Rozýe atly himik hem-de Fransua Loran d’Arland atly harby gullukçy ýardam berýär.Bu uçuş adamyň howa gämisindäki ilkinji uçuşy hasaplanýar.

Howa şary şäheriň üstünde 25 minut çemesi uçup, 9 kilometr uzaklykdaky Býut-o-Kaý atly ýere gonýar.Howa gämisi 900 metrden gowrak beýiklige galýar.Doganlar 1782-nji ýylyň sentýabrynda bu oýlap tapyşlaryny görkezmek üçin Wersal köşgüne çagyrylýar. Ýurduň patyşasy Lýudowik XVI we Şa zenany Mariýa-Antuanetta täsin enjamyň tanyşdyrylyşyna şaýatlyk edýärler.

Bu dabara belli alym, köp oýlap tapyşyň awtory, döwlet işgäri Benjamin Franklin hem gatnaşýar.Howa şarynyň ilkinji synag uçuşynyň ýolagçylary guzudan, ördekden we horazdan ybarat bolýar.Bu uçuş 8 minut dowam edýär we 460 metr belende galýar.

Howa şarynyň ody sönenden soňra, onuň içindäki howa sowap, 3,2 kilometr uzaklyga gonýar.

Mälim bolşy ýaly, islendik zat gyzanynda onuň göwrümi giňeýär we massasy ýeňleýär.Bu ýagdaý gazlara hem degişli bolup, howa hem gyzan ýagdaýynda ýeňleýär. Şeýle bolansoň içinde atmosferadaky howadan has ýeňil gaz bolan islendik şar ýokaryk galýar.

Adatça howa göterilýän şarlar geliý, wodorod ýaly ýeňil gazlar bilen doldurylýar. Şarlar tebigy we sintetik kauçuk, lateks ýaly çeýe materiallardan öndürilýär.Ilkinji kauçuk şary 1824-nji ýylda iňlis alymy Maýkl Faradeý (1791-1867 ýý.) oýlap tapýar.

Faradeýiň oýlap tapan şary häzirki wagtda çagalaryň oýnamagy üçin niýetlenen, bezeg we sowgatlyk taýýarlanýan şarlara meňzeş bolýar.Alym diňe fizika däl, himiýa degişli açyşlaryň hem awtorydyr. Şol bir wagtyň özünde pedagog bolan Faradeý wodorod bilen bagly tejribeleri geçirýän wagty ilkinji rezin şary oýlap tapýar.

Ol iki bölek kauçugy birleşdirip, torba ýasapdyr we wodorod bilen çişiripdir. Şaryň ilkinji nusgasy alyma bu gazyň aýratynlyklary we Ýeriň dartyş güýji barada maglumatlary öwrenmäge mümkinçilik beripdir. Şondan soňra şaryň söwda maksatly önümçiligi ýola goýulýar.

Ýene degişli makalalar

Iň ýaş 3-nji çempion
Magali Leže, Resul Gylyjow, Nury Nuryýew: Berlioz we beýleki tanymal kompozitorlar barada söhbet
Emmanuel Makron ýaňadandan Prezident wezipesine saýlandy
Ikinji möhlet üçin kasam kabul etdi
Kino sungatynyň ägirdi, meşhur režissýor aradan çykdy
Beýik döwlet bizi saýasyna aldy. Gazagystandan pena alyp bilmedik garagalpaklar ABŞ bardylar