Poçta. Adamzat durmuşynda oýlanyp tapylan iň esasy aragatnaşyk ulgamynyň biri hem poçtadyr.Entek tehnologik enjamlaryň ýok mahaly biri-birinden uzakda ýaşaýan kowum-garyndaşlar hat alyşmak arkaly habarlaşýan ekenler.
Munuň üçin bolsa poçtanyň hyzmatyndan peýdalanypdyrlar. Şol döwürlerde poçta aragatnaşygy hat gatnadyjy adam, eldekileşdirilen kepderiler, itiň käbir görnüşi, uýgunlaşdyrylan atlar, söwda ýolundaky kerwenler tarapyndan amala aşyrylypdyr.Bular ýerli aragatnaşyk bolup, resmi taýdan poçta ulgamy has soň ýüze çykýar. Ýazmaça resminamalary halkyň içine ýaýratmak üçin resmileşdirilen çapar hyzmaty ilkinji gezek Müsürde ýüze çykýar.
Miladydan öňki 2400-nji ýyllarda faraonlar ýurduň çägine habar (täze çykan perman) ibermek üçin çaparyň hyzmatyndan peýdalanypdyrlar.Halk köpçüligine niýetlenen poçta hyzmaty ilkinji gezek Eýranda ýüze çykýar.Miladydan öňki 550-nji ýyllarda bu ýerde adamlar dogan-garyndaşlaryna hat ýazyp, olardan geljek jogap hatyny almak mümkinçiligine eýe bolupdyrlar. Şol ýyllarda goňşy döwletlerde hem poçtanyň pars ulgamy meşhur bolup, ýörite çaparlar işe alnyp, olar ýyndam atlar bilen üpjün edilipdir.
Hatlary alan çapar bellenen aralygy geçensoň, beýleki çapara poçtany geçirýär, ol hem indiki çapara… Bu ulgam ýörite döredilip, çaparlar poçtanyň çalt barmagy üçin bellenen ýerlerde gezekleşýärler.Orta Aziýada birnäçe döwletleriň arasynda ýola goýlan hat gatnadyjy çaparlaryň ýanynda ýörite goragçylar berkidilýär.
Poçta ulgamy birnäçe ýyldan soň Hindistandyr Hytaýa, Ýaponiýadyr Rime hem ýaýraýar.
Rim imperiýasynda 1490-njy ýylda Taksis ady bilen tanalýan hat gatnadyjy Frans fon poçta ulgamyny işläp düzýär.Ilkibaşda köşkde hat gatnadan Frans 1517-nji ýyldan soň maşgalasy bilen bilelikde raýatlara hem hyzmat edip başlaýar. 1716-njy ýylda Ispaniýada raýatlar üçin elýeterli poçta hyzmaty hökmünde Correosy Telegrafos döredilip, 1756-njy ýylda ilkinji gezek resmi taýdan poçta işgäri wezipesi döredilýär. 1762-nji ýylda poçta gutulary peýda bolýar. 1840-njy ýyla çenli iberilen hatlar kabul ediji tarapyndan tölenip, poçta tölegi hat iberijiden alyja çenli geçilen ýoluň uzynlygyna, kagyzyň sanyna hem-de poçtanyň agramyna görä kesgitlenipdir.
Iňlis oýlap tapyjysy Rowlend Hill öňünden töleg edilýän, ýelmenýän möhürli (marka) poçta ulgamyny işläp düzýär.Bu ulgam örän arzan bolup, şondan soňra iberilýän hatlaryň sany iki-üç esse artýar.
XIX asyryň ortalarynda ýörite enjam ulanylyp, ygtyýarnama esasynda poçta üçin öňünden tölenen bukjalary ýasamagyň usuly işlenip düzülýär.Bu usulda taýýarlanan bukjalar banklarda we poçta şahamçalarynda ulanylýar.Soňlugy bilen ygtyýarnama almazdan printerde çap edip bolýan bukjalar ulanylyp başlanýar. 1874-nji ýylda Ählumumy poçta bileleşigi (UPU) döredilýär.
Häzirki wagtda 192 döwlet bu bileleşigiň agzasy bolup, BMG-niň ýöriteleşdirilen agentligi hökmünde halkara poçta alyş-çalyş düzgünlerini kesgitleýär.
XX asyrda poçtada uly ösüşler gazanylyp, hat gatnatmak ulag serişdeleriniň üsti bilen amala aşyrylyp başlanýar.Demir ýol stansiýalarynda poçta bölümleri açylýar.Poçta işgärleri ýörite ulaglar bilen üpjün edilýär. 1911-nji ýylda Angliýada poçtany eýesine çalt gowşurmak maksady bilen howa ulaglary synagdan geçirilip başlanýar.
Bu synag oňaýly netije berensoň, dünýäniň beýleki ýurtlarynda hem howa poçtasy ýola goýulýar. Üns beren bolsaňyz, käbir hatlaryň bukjasynda Par avion (fransuzça uçar arkaly) möhürçesini görmek bolýar.Bu ýazgy hatyň uçar arkaly alyja iberilendigini aňladýar.
Elektron poçtanyň gysgaça taryhy
1960-njy ýyllaryň başynda kompýuter esasly habarlaşmalar durmuşa geçirilip başlanýar. 1971-nji ýylda ulanyjynyň salgysyny kesgitleýän @ elektron poçta nyşany hödürlenip, ilkinji hat Öňdebaryjy gözleg taslamalary gullugy (ARPANET) tarapyndan tora iberilýär.
Hususy elektron poçta (e-poçta) ulgamlary 1980-nji ýyllarda ýüze çykyp, 1990-njy ýyllarda web-poçtalar köpçülige ýaýrap başlaýar. 2000-nji ýyllarda dünýäniň köp ýerinde ýörgünli aragatnaşyk ulgamyna öwrülen e-poçta smartfonlaryň tehniki aýratynlyklarynyň kämilleşdirilmegi bilen alyş-çalyş işlerini has-da ýeňilleşdirdi.
E-poçtanyň ýörgünli bolmagy bilen, has dogrusy 1990-njy ýyllardan başlap, faks enjamyndan peýdalanmak görnetin azaldy.
Häzirki wagtda gibrid poçta arkaly kompýuterde we öýjükli telefonlarda birnäçe sekundyň dowamynda hatlary islendik salga ugradyp bolýar. Mundan başga-da, ulag serişdeleri arkaly hatlary we ýükleri dünýäniň islendik ýurduna aňsatlyk bilen iberip bolýar.