Kim, haçan oýlap tapdy?

Tikin maşyny iki ýa-da has köp gatly matany birleşdirip, arasyndan dürli hili sapaklary geçirýän tikinçilik enjamydyr. Tikin maşynynyň görnüşine baglylykda hersiniň ýörite tikiş usullary bar. Taryhda ilkinji tikin maşynyny kimiň, haçan oýlap tapandygy barada dürli pikirler bolup, bilermenler ony şeýleräk tertipde kesgitleýärler.

Ilkinji tikin maşynyny ýasamak baradaky pikirler XVIII asyra degişli bolup, şol döwürde köp taslamalar işlenip düzülýär.Tikin maşynynyň ilkinji patenti 1790-njy ýylda iňlis oýlap tapyjysy Tomas Sente berilýär.

Ol oýlap tapan enjamy arkaly deri önümlerini tikýär. 1775-nji ýylda nemes inženeri Çarlz Wizental tikin maşynyna aýryp-dakyp bolýan iňňäni oýlap tapýar.Bu oýlap tapyşlar deri önümlerini tikmek üçin niýetlenip, mata üçin ilkinji tikin maşynyny 1814-nji ýylda wenaly tikinçi Ýozef Madersperger oýlap tapýar.

Ilkibaşda göni tikişi ýerine ýetirip bolýan maşynda, soňlugy bilen keşdeli hem-de kiçijik tegelek tikinleri hem tikip bolýar. Ýöne bu enjam köpçülikleýin öndürilmeýär. 1830-njy ýylda fransuz tikinçisi Bartelemi Timonýe harby egin-eşikleri tikmek üçin köpçülikleýin tikin maşynyny oýlap tapýar.

Bu maşynyň satuwda şowsuzlygy sebäpli gaty az adam ulanýar.

Dürli ýyllarda birnäçe oýlap tapyjylar tikin maşyny ady bilen taslamalaryny hödürleýärler.Taslamalaryň durmuşa ornaşdyrylandygyna garamazdan, olaryň köpüsi ulanyjylar tarapyndan tassyklanmaýar. 1832-nji ýylda amerikaly inžener Wolter Hant tikin maşynynyň kämil görnüşini oýlap tapýar.

Onuň oýlap tapan iki iňňeli, naýçaly, sürgüsi, oky hem-de ýapyk tegelekde aýlanýan el çarhy bolan tikin maşynyny köpçülik halaýar. Şeýle-de bolsa, Hant oýlap tapan enjamynyň tikinçileri işinden kesjekdigini pikir edip, onuň köpçülikleýin öndürilmegine garşy çykýar.

Dokuz ýyldan soň Hantyň watandaşy Jon Grinof iňňäniň matadan dolulygyna geçýän tikin maşynyny öndürýär. Ýöne bu enjam şowsuz bolýar. 1846-njy ýylda amerikaly oýlap tapyjy Elias Hou ullakan el çarhy bolan, beýlekilere meňzemeýän tikin maşynyny işläp düzýär.

Oýlap tapyşyň şowly bolandygyna garamazdan, bu tikin enjamy işlemek üçin oňaýly görülmeýär. 1850-nji ýyllarda amerikaly medeniýet işgäri Isak Singer Lerow&Blodgett atly tikin maşynyny oýlap tapýar we bu enjam köpçülik tarapyndan kabul edilýär. Şol döwürde enjamyň iňňesini herekete getirmek üçin el çarhy ulanylyp, minutda 900 tikin ýerine ýetirip bilýär.

Singer tikin maşynyny kämilleşdirmegiň ýollaryny gözleýär.Netijede, iňňäni dartyş ulgamy arkaly dikligine saklaýan, el çarhyny aýak pedaly bilen herekete getirip bolýan, matany saklamak üçin amatly bolan stol bilen enjamlaşdyrylan tikin maşynyny işläp düzýär.

Oýlap tapyjy bu enjamyna ýöreýän tikin maşyny diýip at goýýar.Singer tikin maşynynyň mahabatyny çar tarapa ýaýradyp, onuň meşhurlygyny hem-de satuwyny artdyrýar.Oýlap tapyjynyň esaslandyran Singer kompaniýasy 1933-nji ýylda Çikago Bütindünýä sergisinde tikin maşynynyň featherweight nusgasyny hödürleýär.

Kiçijik, tikmek üçin oňaýly bu maşynlar dünýäniň ähli ýerine ýaýraýar hem-de birnäçe ýyllap öz meşhurlygyny ýitirmeýär.

1970-nji ýyllarda tikin maşynynyň elektrik motorly görnüşleri öndürilip başlanýar. Elektrotikin maşynlary senagat üçin uly öwrülişik bolup, soňra onuň görkezilen ülňi boýunça tikini ýerine ýetirýän emeli çipli, sensor ekranly görnüşleri hem oýlanyp tapylýar. Häzirki wagtda tikin maşynlarynyň birnäçe nusgasy bar. Döwrebap tikin maşynlary bilen bezeg işlerini, tikin tikmegiň dürli usullaryny aňsatlyk bilen ýerine ýetirip bolýar.

Ýene degişli makalalar

Kim, haçan oýlap tapdy?
Gandaş uniform: ýörite lybaslara täzeçe garaýyş
Daşoguzdaky tikin fabrigi okuwçy tahýalaryny tikip başlady
SERGI GURNALDY
Ýatkeşligi ösdürmegiň usullary
Bereket şäherindäki kärhanada 16 million manatlykdan gowrak tikin önümleri öndürildi