Tikin maşyny.
Ilkinji tikin maşynlary XIV asyrda Niderlandlarda peýda bolupdyr.Bu enjam ilkibaşda örän tagaşyksyz eken.Ilkinji tikin maşynlar kendir matalardan deňiz gämileriniň ýelkeniniň tikmek üçin ulanylypdyr.
Adaty matalary tikmäge niýetlenen has kiçi tikin maşynyny bolsa, 1790-njy ýylda angliýaly Tomas Sent oýlap tapypdyr.Emma bu maşyn köpçülikleýin öndürilmändir.Ondan birnäçe ýyl ozal 1755-nji ýylda Germaniýada doglan, Angliýada ýaşaýan Çarles Fredrik Wýesental tikin tikýän enjamy öndüripdir.
Ulanmak üçin has amatly, giňden ýaýran ilkinji tikin maşynyny 1829-njy ýylda fransuz Bartelemi Timonýe oýlap tapýar. Onuň oýlap tapan enjamynyň köp bölegi agaçdan ýasalypdyr.
1846-njy ýylda amerikaly Elias Hou häzirki tikin maşynlarynyň nusgasy bolan ilkinji enjamy oýlap tapýar.Ol bir iňňeli, naýçaly ilkinji tikin maşyny döredýär. Şeýle-de bolsa ol öz oýlap tapan enjamynyň önümçiligini ýola goýup bilmändir.
Emma onuň oýlap tapan usuly soňky ýyllarda giňden ulanylypdyr. 1850-nji ýylda amerikaly Aýzek Singer Houwyň oýlap tapan tikin maşynyny kämilleşdiripdir we senagat taýdan öndürip başlapdyr.
Beýleki birnäçe enjamda bolşy ýaly, tikin maşyny hem ýyllaryň dowamynda tapgyrma-tapgyr kämilleşdirilipdir.Bu enjamyň häzirkisi ýaly bolmagy örän uzaga çekipdir. 1790-njy ýylda Angliýada, 1819-njy ýylda Awstriýada, 1826-njy ýylda Amerikada, 1830-njy ýylda Fransiýada tikin maşynlarynyň dürli nusgasy oýlanyp tapylypdyr. Şeýle-de bolsa Singer bu enjamy kämilleşdirip, köpçülige ýetiripdir.
Onuň oýlap tapan enjamy el zähmetini görnetin azaldypdyr, egin-eşikleri köpçülikleýin öndürmäge mümkinçilik beripdir.Singer naýçanyň kese durmagyny üpjün edip, iňňäniň dyngysyz we birsyhly hereket etmegini gazanypdyr. Şeýle hem Singer aýak bilen herekete getirip bolýan tikin maşynyny döredipdir. Şeýlelikde, tikinçiler iki elini hem ulanyp, egin-eşikleri çalt tikip başlapdyrlar.