Çap etmek ilkinji görnüşi ýa-da nusgany ulanyp, teksti we şekilleri köpçülige ýaýratmak işidir.Irki çap etmeklige möhürler degişli bolup durýar.Kagyza çap etmek üçin ýasalan agaç galyplar miladydan öňki 220-nji ýyllarda Hytaýda peýda bolýar. 1040-njy ýylda Bi Şeng farfordan hytaý ieroglifleri üçin ilkinji göçme görnüşli çap ediji galyby taýýarlaýar.
Palçykdan ýasalandygy sebäpli, göçme galyp tiz döwlüpdir hem-de kagyzyň ýüzünde doly yz galdyrmandyr. 1298-nji ýylda Wan Zhen hytaý ýazuwy üçin galybyň agaçdan oýulyp ýasalan görnüşini döredýär.Bu ylymda ksilografiýa diýlip atlandyrylýar.Misden göçürilýän görnüşli çap etmek XII asyryň başynda Hytaýda döreýär we kagyz pullary çap etmekde ulanylýar.
Soňra bu usul Koreýa ýaýrap, takmynan 1230-njy ýylda bürünç ulanylyp, metal görnüşli çap ediji oýlanyp tapylýar.XIV asyryň ahyrlaryna XV asyryň başlaryna Ýewropa hem bu usul ýaýraýar.Germaniýaly zergär Ýohannes Gutenberg aýratyn sahypalardan ýygnalan kitaplary neşir etmegi oýlap tapýar.
Netijede, 1436-njy ýylda gymmatbaha daş kesiji Andreas Dritzehen we kagyz fabriginiň eýesi Andreas Heilmann bilen bilelikde çaphana işine başlaýar.Basyş ulanyp çap edýän mehanik enjam beýleki görnüşlerden has çalt çap edýändigi we çydamlylygy bilen tapawutlanýar.
Mundan başga-da, oňa ornaşdyrylan metal görnüşli bölekler berkäp, harplar birmeňzeş görnüşli ölçege geçýär.Bu ilkinji şriftleriň döremegine sebäp bolýar.Gutenbergiň oýlap tapan çap ediji maşyny tizara ilki Ýewropa, soňra bolsa bütin dünýä ýaýraýar.
Bu enjam köpçülikleýin çap etmegiň ilkinji ädimi hasaplanýar. Şondan soňra neşirýat işi kämilleşip başlaýar.Tipografik tekst önümçiliginiň çaltlygy ilkinji gazetleriň döremegine sebäp bolýar. Şol döwürde iri ykdysady we täjirçilik merkezi bolan Wenesiýa Ýewropada ilkinji elýazma gazetleriň (Gazet sözi Wenesiýanyň pul birligi bolan gazeta sözünden gelip çykypdyr. Şol döwürde okyjylar täzelikler ýazylan kagyzlary gazeta atly şaýy pula satyn alypdyrlar. Şeýlelik bilen gazet sözi köp dile ornaşýar) esasyny goýujy hasaplanýar.1800-nji ýylda Lord Stanhope Gutenbergiň el bilen dolandyrylýan çap ediji enjamyny kämilleşdirip, öňküden iki esse uly göwrümi çap edýän hem-de dolandyrmak üçin az güýç sarp edilýän täze enjamy işläp düzýär.1810-njy ýylda germaniýaly Koenig nemes inženeri Andreas Fridrih Baueriň kömegi bilen çap enjamynyň bug bilen işleýän görnüşini öndürýär.
Bu enjam 1814-nji ýylda redaksiýasy Londonda ýerleşýän belli The Times gazetine satylýar.1843-nji ýylda amerikaly Riçard M.Hoe bug bilen işleýän aýlawly çaphana enjamyny döredýär.Bu oýlap tapyş metbugatyň ösüşine uly itergi berýär.
Ondan soňra çap ediji enjamyň sanly, syýaly, elektrofotografiýaly, lazerli, gaty syýaly, gurak syýaly, 3D (üç ölçegli) çap etmek ýaly birnäçe görnüşleri oýlanyp tapylýar.
Gyzykly maglumatlar:
Ýazuw maşynkasy printerleriň we klawiaturalaryň başlangyjy hasaplanyp, 1868-nji ýylda Kristofer Şoles tarapyndan oýlanyp tapylýar.Remington-Rand tarapyndan 1953-nji ýylda ilkinji ýokary tizlikli printer UNIVAC kompýuterinde ulanmak üçin işlenip düzülýär.IBM 1957-nji ýylda ilkinji nokat matrisa printerini işläp düzýär.Shinshu Seiki Co.
kompaniýasy 1968-nji ýylda ilkinji elektron miniprinteri döredýär.Gary Starkweather 1971-nji ýylda Xerox 7000 nusgasyny üýtgedip, ilkinji lazerli printer döredýär.Syýa pürkýän (inkjet) ilkinji printer 1976-njy ýylda Hewlett-Packard kompaniýasynyň hünärmenleri tarapyndan işlenip düzülýär.1976-njy ýylda IBM kompaniýasy IBM 3800 atly ýokary tizlikli lazerli printerini hödürleýär.1977-nji ýylda Siemens kompaniýasynyň hünärmenleri kagyzyň zerur bolan ýerine syýa sepýän (DOD) printer döredýärler.1979-njy ýylda Canon kompaniýasy ýarymgeçiriji lazer şöhleli printer (LBP-10) bilen tanyşdyrýar.Hewlett-Packard ilkinji lazerli printeri HP LaserJet-i 1984-nji ýylda hödürleýär.Döwrebap 3D printerleriň köpüsi 1988-nji ýylda Skott Krump tarapyndan işlenip düzülýär. Üç ölçegli çap edýän bu printerler häzirki wagtda gurluşykda, kosmos pudagynda we senagat önümçiliginde giňden ulanylýar.