Kilimanjaro dagyndaky ýangyn iki hepdeden soň söndürildi

Kilimanjaro dagyndaky ýangyn iki hepdeden soň söndürildi

Tanzaniýanyň ýangyn söndürijiler eýýam iki hepde bäri Kilimanjaro dagynda tutaşan ýangyny söndürdiler diýip, Associated Press habarlar gullugyna salgylanýan Interfax.ru habar berdi.

Munuň üçin ýangyn söndürijilere ýüzlerçe harbylar kömege geldiler.

Ýangyn 21-nji oktýabrda adybir jülgede ýerleşýän jahankeşdeleriň arasyndan meşhur bolan Karnga düşelgesinde başlandy.

Tanzaniýanyň hökümet başlygy Kassim Majaliwa ýangynyň 30 inedördül kilometri tutandygyny habar berdi, ol ýangynyň sebäpleriniň güýçli şemal zerarly kyndygy üçin indi derňeljekdigini aýtdy.

Kilimanjaro Afrikanyň iň beýik ýanardagy bolup, ol Tanzaniýanyň demirgazyk-gündogarynda ýerleşýär.

Ýene degişli makalalar

Tanzaniýada bina çökdi
Bakuwda Goşulyşmazlyk Hereketiniň COVID-19 bilen göreşmek boýunça Aragatnaşyk toparynyň sammiti öz işine başlady
Afrikanyň ilaty artýar
Tebigatda seýrek duş gelýän aklar
Türkiye Tanzaniýa gynanç bildirdi
Alymlar şu günki hem-de mundan 30 ýyl öňki iýmitiň hilini deňeşdirdiler