Kilian Mbappe Real Madride geçdi

Kilian Mbappe Real Madride geçdi

Real Madrid komandasy Pari Sen-Žermen komandasy bilen şu aýyň ahyrynda ylalaşygynyň möhledi tamamlanjak fransuz hüjümçi futbolçy Kilian Mbappeni öz düzümine goşdy.

Klubdan berilen beýanata görä 25 ýaşyndaky fransuz ýyldyz bilen 1-nji iýuldan başlap güýje girjek 5 ýyllyk ylalaşyk baglanyşdy.

Monako komandasyndan çykyp 2017-nji ýylyň tomus aýynda Pari Sen-Žermen komandasynda 256 gol bilen klubyň taryhynyň iň köp gol geçiren futbolçysy bolan Kilian Mbappe, 77 gezek geýen Fransiýanyň Milli ýygyndysynyň formasy bilen 2018-nji ýylda dünýä çempiony, 2022-nji ýylda bolsa dünýäde 2-nji bolupdy.

Ýene degişli makalalar

Şu gije “Premier Liganyň”, “La Liganyň”, “Ligue 1”-iň täze möwsümi başlaýar
Mbappe PSŽ-den gitmek isleýär
Deşam PSŽ-li ýaş oýunçyny ilkinji gezek ýygynda çagyrdy
Real Atalantany 2:0 hasabynda ýeňip, UEFA-nyň Superkubogynyň eýesi boldy
Marca: Mbappe Real bilen 5 ýyllyň şertnama gol çekişdi
20-nji fewralda Türkmenistanyň esasy habarlary Turkmenportal