Şu gün paýtagtymyzda ýurdumyzda ilkinji gezek geçirilýän Kids Expo: ähli zat çagalar üçin atly halkara köpugurly sergi-ýarmarkasy öz işine başlady.
Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy we Türkmen Ekspo hususy kärhanasy tarapyndan bilelikde guralan giň gerimli gözden geçirilişde çagalar üçin harytlar senagatynda we hyzmatlar ulgamynda iş alyp barýan ýurdumyzyň we Russiýa Federasiýasynyň, ABŞ-nyň, Kanadanyň, Germaniýanyň, Portugaliýanyň, Italiýanyň, BAE-niň, Türkiýäniň, Singapuryň, Hytaýyň, Bahreýniň, Beýik Britaniýanyň, Gyrgyzystanyň, Gazagystanyň hem-de beýleki ýurtlaryň kompaniýalary öz önümlerini görkezdiler.
Kaşaň Garagum myhmanhanasynyň ýanyndaky giň açyk meýdançada ir bilen baýramçylyk gurşawy emele geldi. Çagalar döredijilik toparlarynyň joşgunly aýdym-sazly çykyşlary dabara aýratyn öwüşgin çaýdy.
Ýygnananlar hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň sergä gatnaşyjylara iberen Gutlagyny uly ruhubelentlik bilen diňlediler.
Dört gün dowam etjek sergide paýtagtymyzyň ýaşaýjylary we myhmanlary tematiki ugurly dürli görnüşli önümleriň köp sanlysyny özünde jemleýän iri sergi bilen tanşyp bilerler. Sergi oňa gelýänleri diňe bir bu ýerde görkezilýän ýokary hilli harytlaryň giň görnüşi bilen däl-de, eýsem, önümleriň täze doglandan başlap, dürli ýaşdaky çagalara niýetlenendigi bilen hem özüne çekýär.